Gülhan
18.08.2022 18:09
Meniň sadalygym şundan ybarat:
Her bir diýlen zada ynanyp ýörün.
Bir ministr salanynda ymarat
Özümiňki ýaly begenip ýörün.

Ýüzüme sylýaryn doganynda Aý,
Uzyn dilimde däl, kalbymda Hudaý.
Büdrämde golumdan tutsa bir gedaý
Monça bolup şoňa söýenip ýörün.

Gaýtargy tamam ýok öwenim üçin,
Deňdirin ýat üçin, doganym üçin.
Bir bendäň göwnüne degenim üçin
Soňra ýyllar boýy uýalyp ýörün.

Baý däldigim üçin çekemok arman,
Eý eziz Allajan, adyňa gurban!
"Ýene!", "Ýene!" diýip harsurup ýörmän
Berlenje döwlete guwanyp ýörün.

Başyna goýbermän arzuw-hyýaly,
Belent derejede pes tutup päli,
Geçen asyrlaryň adamy ýaly
Ynsaba, rysgala daýanyp ýörün.

Şeýle ýörelgämden sowlan pilläm ýok,
Kim "kelläň bar" diýýär, kimem "kelläň ýok"
Sagadyň dili dek ziňkillemäm ýok,
Wagtyndajyk ýatyp, oýanyp ýörün.

Menem adam, perişde däl elbetde
Mümkin, günädenem duramok çetde.
Türkmenistan atly täsin döwletde
Şükür, hormatlanyp, aýalyp ýörün.

Berdinazar Hudaýnazarow
22
217
Gloria
10 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👏👏👏👏
Myhman Myhman
21 Awgust 2022
👍☝👍👍👍👍
Sheýda
20 Awgust 2022
🔥🔥🔥🌹🌹🌹
MissBoss♕
19 Awgust 2022
Salam,Gülhan natdin?
abdy_dayy
19 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👌👌👌
gulshatayewa97
18 Awgust 2022
Meniň sadalygym şundan ybarat, Her bir diýlen zada ynanyp ýörün (gowy görýän setirlem kartinkada ýazypdym:)
Papatya
18 Awgust 2022
Owadan surat
perizadym
18 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
wolf
18 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.