Gülhan
22.08.2022 10:49
Sen şeýlebir bagtly ýigit, bilýäňmi?
Daşyň gurşasa-da onlarça gyzlar,
Dünýäň bir künjünde kalbynda seni,
Ezizläp oturan duýguçyl gyz bar.

Sen şeýlebir bagtly ýigit, bilýäňmi?
Günde seň adyňy müň goşga salyp,
Dünýäň bir künjünde, galyp ukydan,
Bir gyz otyr, ele galamyn alyp.

Sen şeýlebir bagty çüwen belki-de,
Bilýän dälsiň, bir gülüň bar solmaýan.
Umydyndan ýola bakyp gündizler,
Gijelerne seniň üçin aglaýan..

Dünýäň bir künjünde seni görmezden,
Duýýar bir gyz aglaýanňy, gülýänňi...
Dileg edýär saňa yzyn üzmezden,
Sen şeýlebir bagtly ýigit, bilýäňmi?
28
369
jemal_seyitniyazowa
27 Oktýabr 2022
Bagtlydygyny bilse-de....🍃
Myhman Myhman
24 Oktýabr 2022
Kowser gowumy

@
Myhman Myhman
24 Oktýabr 2022
Crazy,howwa
Gülhan
22 Awgust 2022
Nameler diyyanñize düşnmedm ??
Myhman Myhman
22 Awgust 2022
Onam düzdirjek 🍒🍏
Myhman Myhman
22 Awgust 2022
🍏(alma:a) 🍒-ä sen Gülhandan soramada aradaky düzdürjek diýeniñe düzdiräý😌
Myhman Myhman
22 Awgust 2022
🍏-dan 🍒-de bir goşgy haýyş etýän Gülhan
Melikee
22 Awgust 2022
Aha..
Gülhan
22 Awgust 2022
Melikee, yok
Melikee
22 Awgust 2022
Shahsy hata jogap yazypmydyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.