Gülhan
28.01.2022 21:31
Gije oýa batdym ýene sen hakda,
Ahmyrly günlerim ýadyma düşdi.
Ýenede senden galan gussalar..
Ynjydyp Kalbyma tikenin suncdi...

Bilemok birden düşdiň ýadyma,
Köp wagt bäri oýlaryma geleňok.
Sen nirede, men nirede, hal niçik?!
Käte sorap, indi jaňam edeňok...
12
40
Gülhan
Gülhan
27.01.2022 19:47
Ýadadym bagtymyň çüwerin peýläp, Zyňaýyn dertlermi başymdan aýlap, Dünýäñ galmagalnyň içinden saýlap, Seniň pyşyrdyňy eşdesim gelýär...
Gülhan
Gülhan
22.01.2022 07:42
Bir bolgusyz sebäp bozdy arany, Seň ýoluňdan aýra düşdi men ýolum. Indi bir-biregi görmedik bolýas, Seň äriň gabanýar, meňem aýalym. Ýogsam esasam ýok gabanmaklyga, Soraşsak bes: «Niçik
Gülhan
Gülhan
21.01.2022 07:51
Dökdüm ýene ak kagyza içimi, Bloknotda döredi bir şygyrym. Alaç näme, sygdyrmasa dar dünýe, Bir ýylgyryp, bir-de ýazyp sygaryn..
Gülhan
21.01.2022 07:26
Başgalaryň gohyny däl, kalbyň pyşyrdysyny diňle..(Hakan Mengüç)🌸
14
29
Gülhan
Gülhan
19.01.2022 07:59
Uly görünýäň" diýýärler.. "Uly görünýäñ" diýýärler ýaşymdan, Men olardan asla gaty göremok. "Wagtymdan has irräk ulaldýañ" diýip, Günäni durmuşa atyberemok. Belki ýaltalygym
Gülhan
18.01.2022 21:09
(Bugün garşyma çykan o ajaýyp goşgy)... ;)

Ýaşulyň oýlanmasyndan

Kä oýnaklap ynjydamda ýüregni,
Gözlerinden ajy göz ýaş guýardy.
"Aglama" diýp sypanymda ýañagny,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.

Gyz kalby-da... näzijekdi, mähremdi,
Gyzyl, elwan bägülleri söýerdi.
Ýatdan çykyp, gülsüz barsam ýanyna,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.

Şokoladdy şol döwüriñ modasy,
Dok bolsa-da ik-üçisin iýerdi.
Duşuşukda şol çykmasa jübiden,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.

Hamylalyk gynaýarka işdäsin,
Süýji ukudan müñ bir gezek oýardy.
"Ýat! Irden guş süýdün tapjak" diýemde,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.

Çeper däldi eli kän bir biş-düşe,
Iñ datly tagamnyñ teýi köýerdi.
Duzly çorba dadyp bürşende ýüzüm,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.

Sähel ýeri ýyrtylsa-da eşikleñ,
Ony men däl, egnagajym geýerdi.
"Haçan tikin öwrenerkäñ?" diýemde,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.

Aç bolsagam, ýyrtyk köýnek geýsegem,
Bir wepaly ýara eýe ýigitdik.
Şoñ çigitdek göwnün ýykmajak bolup,
Şemal ýaly şuwlap gitdi ýigitlik.

Ýykylsamam şonly geçen ömrümde,
Ýeke gezek onuñ göwnün ýykmadym.
Şoña görä çigit ýaljak göwünden,
Aldym dünýä ýaly mähir hikmetin.

Kerim_Hally.
18
166
Gülhan
Gülhan
18.01.2022 08:00
Ýoklugyňda dünýä dagy nämejik, Sygman ýördüm bu biserhet äleme. Seni gören çagy aklyn ýitirip, Deregine bagtyn tapan däli men.. Aradaşlyk päsgel bermez yşgyma, Görjek bolsam gözüm ýummak ýeterlik.
Gülhan
17.01.2022 22:14
İň köp haýsy temada (akyl saglygy) hünärmenine (Psihiatr, Psihologiki Geňeşçi, Psiholog we ş.m) zerurlyk duýýarsyňz?

  Depressiýa
  Aljyraňňy hüjüm
  Gahary dolandyrmak
  Gorkylar (Fobiýa)
  Aladalylyk (Synag aladasy)
  Ukudaky näsazlyklar
  Iýmit bozulmalary
  Neşekeşlik (madda baglylygy)
  Gatnaşyklarda döreýän meseleler
  Çagaň özüni alyp barşyndaky kynçylyklar
   Şahsyýetiň bozulmalary (şahsy psihologiýa)
12
33
Gülhan
17.01.2022 13:13
Gün ýaşanda seňem ýa:şasyň gelýär.
ölesiň gelýär,
ölümde agtarýaň dynjy, aramy
„Gözlerimi ýumsam, hiç oýanmasam”
diýip, öçürýänsiň gamgyn çyrany...

Käteler şeýle bir durasyň gelýär,
öýüň jennetiňdir, asman arassa.
her penjiräň nagyşlanan sungatdyr,
her bir kelam gutarmajak bir owaz..
Ýöne käler..
durmuş durşuna gussa,
başyň alyp mundan gidesiň gelýär,
Ýitesiň gelýär...

Kä günler şeýle bir söýesiň gelýär,
yşka laýyk, söýgä sezawar kimiň bar!?
kätelerem yşk gämisi gark bolup,
göwün künjeginde bir zat kemelýär...

Şonda sen özüňi tussagda duýýaň
dört diwar!
Ýapylan polatdan gapy!
gömülen penjire!
çyg çeken howa!
Şonda sen bir zady örän ýigrenýäň..

Näme ýigrenýäň, nämäni söýýäň!?
bu zatlaň barysy ýaman gümürtik,
hem dartylýan, hemem çaýkanýan ýaly
aglamaýaň ýa göwnüňde gülmeýäň,
durmuşdan ýadap, ölümden irýäň
özüň öz syryňy açabilmeýäň
bir geň närsä göýä çokunýan ýaly...

Ýer ýüzüne düşäp sözlerden güller
goşgy goşasym gelýär..
käte gökden ýere düşesim gelýär,
başym ýaýkap owunjaklaň oýnuna
aglasym gelýär!
Ölesim gelýär!
dymasym gelýär!
Gidesim gelýär..
10
24