Uly görünýäň" diýýärler..
"Uly görünýäñ" diýýärler ýaşymdan,
Men olardan asla gaty göremok.
"Wagtymdan has irräk ulaldýañ" diýip,
Günäni durmuşa atyberemok.
Belki ýaltalygym sebäp bolandyr,
Iýäýen bolmagam mümkin pikirleñ.
Kynçylyk görmedim, kakam gaçypdy,
Içine meñ üçin gazlan çukurlañ.
A men bolsa juda erkin ýetişdim,
Ulalmak isleýän mundan-da beter.
Gaýnat meni ykbal, uly bolaýyn,
Sowguñda doñduryp, oduña atar.
"Uly görünýäñ" diýýärler ýaşymdan,
Goý diýsinler, "kiçi" diýseler nätjek?!
Ulus-ilim ululygma guwanman,
Deregne buýsanan bolup ene-atam,
"Kiçijegim" diýip söýseler nätjek?!