Gülhan
18.01.2022 21:09
(Bugün garşyma çykan o ajaýyp goşgy)... ;)

Ýaşulyň oýlanmasyndan

Kä oýnaklap ynjydamda ýüregni,
Gözlerinden ajy göz ýaş guýardy.
"Aglama" diýp sypanymda ýañagny,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.

Gyz kalby-da... näzijekdi, mähremdi,
Gyzyl, elwan bägülleri söýerdi.
Ýatdan çykyp, gülsüz barsam ýanyna,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.

Şokoladdy şol döwüriñ modasy,
Dok bolsa-da ik-üçisin iýerdi.
Duşuşukda şol çykmasa jübiden,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.

Hamylalyk gynaýarka işdäsin,
Süýji ukudan müñ bir gezek oýardy.
"Ýat! Irden guş süýdün tapjak" diýemde,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.

Çeper däldi eli kän bir biş-düşe,
Iñ datly tagamnyñ teýi köýerdi.
Duzly çorba dadyp bürşende ýüzüm,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.

Sähel ýeri ýyrtylsa-da eşikleñ,
Ony men däl, egnagajym geýerdi.
"Haçan tikin öwrenerkäñ?" diýemde,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.

Aç bolsagam, ýyrtyk köýnek geýsegem,
Bir wepaly ýara eýe ýigitdik.
Şoñ çigitdek göwnün ýykmajak bolup,
Şemal ýaly şuwlap gitdi ýigitlik.

Ýykylsamam şonly geçen ömrümde,
Ýeke gezek onuñ göwnün ýykmadym.
Şoña görä çigit ýaljak göwünden,
Aldym dünýä ýaly mähir hikmetin.

Kerim_Hally.
18
166
Ali_
2 Fewral 2022
Heyem bir On yaly gyzlan gownun yykyp bolqrmy gulhan😒
MissBoss♕
19 Yanwar 2022
Harika😇,100%гарантиялы барлап горип сон Айдын мана 😁😁B.saparova,гызыкландым башга намеде болуп билерка ай Бир ишин устундедирдаа хааа,😁😁
Kuwadowna04
19 Yanwar 2022
Гульхан,Salam ertirin hayyrly bolsun gowy howwa yone ozinden dal. Harika😇, Salam ejekemjan ertiriniz hayyrly bolsun yok wifi oce
ay_kiz_
18 Yanwar 2022
Körpejegyzjagaz, Selhozyň tehnikumy jigimjan, sen näme sebäden seýrekleşjek okuwyň üçinmi?
Gülhan
18 Yanwar 2022
Körpejegyzjagaz, okuwlar gowmy. Dz-dan gerek sen🙃
Kuwadowna04
18 Yanwar 2022
Harika😇,haysy tehnikumda okayanyz siz

Seyrek gelman tiz tiz gelin menem 1 den seyrekleserin yone 😳😳😳
ay_kiz_
18 Yanwar 2022
Körpejegyzjagaz, Egzaminlerimi gutardy jogap berildi indiki hepde başlaýara okuwym, boş bolamsoň şu ýerde online oturýan okuw başlasa seýrek gelerin jigimjan😊😇
Kuwadowna04
18 Yanwar 2022
Гульхан,gowy hudaya sukur
Gülhan
18 Yanwar 2022
Körpejegyzjagaz, şahyrmy??. menmi👀. Gowula, ozn näili

Guli_, 🙋🏻‍♀️🙋🏻‍♀️🙋🏻‍♀️🙋🏻‍♀️🙋🏻‍♀️
Kuwadowna04
18 Yanwar 2022
Harika😇,gowy hudaya sukur sizin okuwynyz gowymy ejekemjan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.