Gülhan
Gülhan
21.03.2022 21:47
Menem bagtly boldum ýagty dünýäde, Menden başga bagtly baryn bilmedim. Ýöne o:t başynda dünýäni undup, Bagtlylaryň söhbedini diňledim...
Gülhan
21.03.2022 14:47
MEN ÝITMERIN..."

Men ýitmerin.
Dolanaryn ýene-de,
Ýene dünýä aşyk bolup inerin.
Sataşýançak nesibeli pursatda,
Her gün daňdan düýşleriňe girerin.

Şonda, belki, ýazgydymyz başga bor,
Durmuş, meger, bagt eçiler maňa-da.
Belki, şonda nesip eder toýumyz,
Belki, şonda dabaraly çagyryp,
Myhmanlara gutlag aýtdy:r tamada.

Çagalaň şowhuny oba ýaň salyp,
Gapymyzda häzir bolsa kejebe,
Umydynyň köýmänine begenip,
Şeýle bir buýsançly garasam şol gün
Atgulagyn paýlap ýören ejeme.

Batbörek deý gaýyp ýörkä asmanda
Könelişen şlýapasy kakamyň,
Ýaryndan aýrylan dostumam şol gün
Tans oýnasa gyra zyňyp bar gamyn,
Doganlamam hyzmat etse ýeň çermäp,
Käte-käte henek atyp maňa-da,
Ana, şonda, belki, bähbide bolar
Seniň üçin dogulanym ýaňadan.

Sapa HOMMADOW
15
55
Gülhan
Gülhan
20.03.2022 22:37
Mekdepde okaýarkam genetikany halaýardym. Bu DNK we RNK wezipeleri meniň dostlaryma öwrülipdi. Onunjy synpda genetiki iki tomluk kitaby alyp, meseleleri gyzyklanma bilen çözdüm. Mundan başga-da,
Gülhan
20.03.2022 15:18
Nämedir o zat? Ýagny çäresizlik diýýän zadymyz...Hassa ýatagynda ölmek we ýaşamak arasynda umytsyzja garaşyk.. Umyda ýelken açjak wagty, deňze gaçan çagalaň umytsyz çyrpynyşlary... Alan her demiňde umytsyzja ölüp direlmek... Kalbyň ganat kakyp gitjek bolýan ýerne bedeniň gidip bilmezligi.. Gysgaçasy bütin çäreleriň, çäresizlik girdabynda eräp gutardygy wagtdyr çäresizlik..

Emma!

Çäresiz bolsaňyzda ýene-de Çäre sizsiňiz!

Näme bolsada bolsyn. Göreş güýjüňi ýitirmeli dälsiň!
Bütin dünýä, tank-topy bilen üstüňe dikilsede, dim-dik aýakda duryp, yzda galanlara Çäre bolmalysyň!

Ynsanyň Çäresiz galan ýeke-täk bir ýeri bar, oda Ölüm. Eğer çäresiz bolsaň guryrly şekilde ölümide göze alyp göreşmelisiň!
Bu şeýlebir göreş bolsyn, hatda ölüm hem sen bilen buýsansyn....
20
126
Gülhan
20.03.2022 13:11
" Ynsanyň puly bolsa, işlemek mejburýetinde galmaz. Şeýdip wagty satyn alar. Bu galan wagtda-da özüni bagtly etjek zatlary eder. Ýagny, pul bagty satyn alar " -Albert Camus
17
135
Gülhan
19.03.2022 12:39
Eje bu gün senden yaman uzakda,
Nurly gözleriňi göresim gelýe.
Küýsegimi hemmä aýdyp ýöremak,
Ony diňe ejiz ýüregim bilýe.

Bilýen damajygňy dolduryp käwagt,
"Oğlum nätýeke" diýp oya gitýensiň.
"Geläsedi şuwagt ýüzüni görsem"
Diýip Azan bilen arzuw etýensiň..

Käwagtam dolduryp damajygyňy,
Pişirip ýörensiň süýjije Palow.
"Oglumam iýsedi" diýip höwesläp,
Kalbyňda ýanýendyr gazdaky "Alow"

Düşünaga eje, oğluň ýagdaýna,
Kesellese seni yatlap dayanar.
Bilýen, meni bir gün gorkunç düýşlem däl,
Mähire sepleşen elleň oýarar...

Howwa, ylham joşdy öňküler ýaly,
Arzuwlarmy goşga sepläsim geldi,
Seni küýsäp azan bilen oýandym,
Hem dogran şiwäňde gepläsim geldi..

Kerim Hally.
15
130
Gülhan
Gülhan
19.03.2022 10:26
Şükürli bol rahat dem al howaňdan, Hem-de ýylgyr, gaçyp gitsin gaýgylar.. Asmandaky ýyldyzlara ýetirer, Açyk göwnüňdäki sada duýgular...
Gülhan
Gülhan
19.03.2022 09:43
Durmuş mekdebimiň mugallymy! Öwütlerňe hantama men ýene-de. Ýene ündew beräý durmuş hakynda, Sözleriňi ýüregime çene-de! Sada adam bolmagymy ündeýäň, Ýöne köp ýanýanam ýene sadalar. Aýyplaşma
Gülhan
17.03.2022 07:20
Ýagyş ýaganda...

Indi bu şähere däl men nätanyş,
Onuň saçagynda rysgalym, nanym.
Ýöne asman gürläp, ýaganda ýagyş,
Küýseýärin gujagyny obamyň.

Häzir gydyrdanyp ýörendir käbäm,
Tamdyr-ojagyny gorap ýagyşdan.
Çopan getirýändir sürüsin obaň,
Kakam bolsa mallaryny daňyşdy:r.

Ternawyň suwundan dörän kölçede
Ýüzýändir çagalaň kagyz gaýygy.
Çaň-tozandan halas bolan köçeden,
Çekilendir pyýadalaň aýagy.

Horaşaja üçegmizden gelýändir,
Biziň ekdi gögerçinleň gur-gury.
Köpelendir,
Sanardan juda kändir,
Görmedim men olar deýin duýgury.

Ürküzensoň dabarasy damjalaň,
Bir tarapdan bezzataryň kemany.
Diýýändirler: “Bizi otly penjeden
Goraglan gyz nirde,
Niçikkä haly?”.

Bilýän däldir olar özleri hakda,
Şol gözeliň ne hyýallar gurýanyn.
Penjiräň öňünde,
12-nji gatda,
Jaýlaň üçegine garap durýanyn.

Hem-de köne dostlarynyň zaryny
Çekdigiçe alýandygny güýç-kuwwat.
Doly bilmeýärler entek baryny–
Çorluja elleriň bolanny duw-ak.

...Şu şäherde gözel günleň dowamy,
Şonuň üçin däl biz asla nätanyş.
Ýöne küýseýärin eziz obamy,
Asman joşa gelip, ýaganda ýagyş.
14
41
Gülhan
17.03.2022 07:08
Görüpmidiň, çöle bahar gelşini,
Görüpmidiň, şonda sähraň bolşuny?

Görüpmidiň, gök ummanyň içinde
Çöl gözeli — jerenleriň böküşün?
Gumlularyň öýlänçisi gelende
Depä çykyp gyzlaň läle kakyşyn?

Görüpmidiň, gök gürlände zeminden
Gök ýylaklaň parsa-parsa çykyşyn?
Gumlulary gutlap gelen ýaz bilen
Yzyn üzmän ýyldyrymyň çakyşyn?

Görüpmidiň, depelerden, düzlerden
Mele siliň alalara akyşyn?
Görüpmidiň, şonda teşne çarwalaň
Çykyp daşa, bu görnüşe bakyşyn?

Ysgapmydyň, gandymlaryň gülüni,
Diňläpmidiň, sähraň jadyly sazyn?
Eşdipmidiň, gözýetimden aňyrdan
Gollar aşyp gelýän tüýdük owazyn?

Synlapmydyň, ýaşyl ýaýla ýazylan
Ýüpek ýüňli goýunlaryň sagrysyn?
Çarwa gyzy säher suwa çykanda,
Keteniň üstünden geýen begresin.

Ah, sen çöl bahary, çölüň bahary,
Neneň şahyrana, neneň eziz!
Kim-de kim jemalyň görmedik bolsa,
Dünýäň gözelligini görmändir heniz.
14
29