Gülhan
17.03.2022 07:20
Ýagyş ýaganda...

Indi bu şähere däl men nätanyş,
Onuň saçagynda rysgalym, nanym.
Ýöne asman gürläp, ýaganda ýagyş,
Küýseýärin gujagyny obamyň.

Häzir gydyrdanyp ýörendir käbäm,
Tamdyr-ojagyny gorap ýagyşdan.
Çopan getirýändir sürüsin obaň,
Kakam bolsa mallaryny daňyşdy:r.

Ternawyň suwundan dörän kölçede
Ýüzýändir çagalaň kagyz gaýygy.
Çaň-tozandan halas bolan köçeden,
Çekilendir pyýadalaň aýagy.

Horaşaja üçegmizden gelýändir,
Biziň ekdi gögerçinleň gur-gury.
Köpelendir,
Sanardan juda kändir,
Görmedim men olar deýin duýgury.

Ürküzensoň dabarasy damjalaň,
Bir tarapdan bezzataryň kemany.
Diýýändirler: “Bizi otly penjeden
Goraglan gyz nirde,
Niçikkä haly?”.

Bilýän däldir olar özleri hakda,
Şol gözeliň ne hyýallar gurýanyn.
Penjiräň öňünde,
12-nji gatda,
Jaýlaň üçegine garap durýanyn.

Hem-de köne dostlarynyň zaryny
Çekdigiçe alýandygny güýç-kuwwat.
Doly bilmeýärler entek baryny–
Çorluja elleriň bolanny duw-ak.

...Şu şäherde gözel günleň dowamy,
Şonuň üçin däl biz asla nätanyş.
Ýöne küýseýärin eziz obamy,
Asman joşa gelip, ýaganda ýagyş.
14
41
Gülhan
17 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, tapmadym bagyşlarsn(
MissBoss♕
17 Mart 2022
Yagys yagys yagys🌧️in sonky yagys guni bu gun😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.