Mekdepde okaýarkam genetikany halaýardym. Bu DNK we RNK wezipeleri meniň dostlaryma öwrülipdi. Onunjy synpda genetiki iki tomluk kitaby alyp, meseleleri gyzyklanma bilen çözdüm.
Mundan başga-da, biologiýany öwrenmegiň birinji ýylynda genetika temasyny öwrenip başladyk. Soň bolsa barhada, haladym! Şonuň üçin genetik bolmagy ýüregme düwýädim. Umuman aýdanymda, men sada, öňümde näme boljagyny bilmän, özüm üçin medisinany derrew jemledip goýupdyryn.
6 aýdan soň genetika temasyny gutardyk we şonuň bilen meň söýgimem gutardy 💔.
Şeýdip, biraz wagt geçdi, bir gowy gün anatomiýa boýunça temada otyrys, mowzuk beýniniň gurluşy we funksiýalarydy.
Biraz wagtlyk dynç alyşlykda lukmanlar hakda bir seriala tomaşa etdim we ol ýerde neýrohirurgiýa bardy, men şowagt bu hünäre has gowy göz ýetirdim (Hawa, gülkünç görnüp biler, yöne öňden bu barada bilemokdym). Soňra mugallymymyz, beýniniň gurluşy we funksiýalary barada gürledi🧠
Men beýniň funksiýasy bilen gyzyklandym, we sorag berdim, ýöne doly jogap almadym, sebäbi näme üçin beýle işleýändigini entek hiç kim bilenok.
Internetde jogap gözläp başladym. Has gyzykly zat, keselleriň köpüsiniň nerw ulgamy bilen baglanyşykly bolmagydyr.
Netijede, ilki bilen neýrohirurg bolmak hakda pikir etdim. Edil şu temada Kitap okamak bilen gyzyklanyp başladym. Men "Не навреди" kitaby okap çykdym, awtoryň özi neýrohirurg bolýar. Ol kitapda ähli temany suratlar bilen suratlandyryp ýazypdyr. Durmuş we hünärler hakda. Soň bolsa pikirlenip gördüm, neýrohirurg bolmak islesem, şahsy durmuşymy ýatdan çykarmalymy? Sebäp Iş gaty kyn we has köp wagt alýar. Mende iki saýlaw, maşgala ýa-da hünär ? Emma ikisini hem isleýärin. Emma hirurg bolmak däl-de, nerw ulgamy bilen işlemek - newrolog bolmak mümkinçiligi bar diýen karara geldim.
Ýöne entek öňde köp zat bar we islendik zat bolp biler. Ýöne hakyky söýgiňi tapsaň, beýlekiler gyzyklandyrmaýar🤪