MEN ÝITMERIN..."
Men ýitmerin.
Dolanaryn ýene-de,
Ýene dünýä aşyk bolup inerin.
Sataşýançak nesibeli pursatda,
Her gün daňdan düýşleriňe girerin.
Şonda, belki, ýazgydymyz başga bor,
Durmuş, meger, bagt eçiler maňa-da.
Belki, şonda nesip eder toýumyz,
Belki, şonda dabaraly çagyryp,
Myhmanlara gutlag aýtdy:r tamada.
Çagalaň şowhuny oba ýaň salyp,
Gapymyzda häzir bolsa kejebe,
Umydynyň köýmänine begenip,
Şeýle bir buýsançly garasam şol gün
Atgulagyn paýlap ýören ejeme.
Batbörek deý gaýyp ýörkä asmanda
Könelişen şlýapasy kakamyň,
Ýaryndan aýrylan dostumam şol gün
Tans oýnasa gyra zyňyp bar gamyn,
Doganlamam hyzmat etse ýeň çermäp,
Käte-käte henek atyp maňa-da,
Ana, şonda, belki, bähbide bolar
Seniň üçin dogulanym ýaňadan.
Sapa HOMMADOW