Gör, iller bir ýana howlugyp barýar, Kim dostunyň, kim ýarynyň ýanyna. Maňa bolsa garaşýan ýok dünýäde, Şondada ýol söküp barýaryn öňe... Diňe hol öňümde garantgy deýin, Hemra bolup barýar ýalňyz
NÄMEDIR BIR ZAT... Nämedir bir zada howlugýan ýaly, Nämedir bir zada umyt edýän men. Nämedir bir zada ýetip barşyma, Hem nämedir bir zatdan-a gidýän men. Hiç maza berenok nämedir bir zat, Nämedir bir