Gülhan
22.03.2022 13:33
İne saňa erkinligiň mekany
Bu ýerde güneşem, şemalam erkin.
Sorup gursagyna çygly howany,
Bir alada bilen mübtela her kim.

Görünenok toz-topraga bulaşyp,
Oýnap ýörýän bir mahalky çagalar.
Gelin-gyzlar geçip barýar gülüşip...
-Asyl gudrat eken biziň obalar!

Ötlem-ötlem ymaratlar agarýar,
Bir tarapda uç-gyraksyz düz görýän.
Bir tanyş ses adym tutup çagyrýar:
Ýa senmikäň, ýa menmikäm özgerýän?

Bir mahalky gyzlar bolupdyr ene,
Pensiýa çykypdyr öňki eneler.
Gygyrasym gelýär gaýtalap ýene:
-Asyl gudrat eken biziň ene ýer!

Asyl gudrat eken biziň oglanlar,
Şudur maňa ylham berýän ýeke-täk....
Şeýdip obamyzyň ortasynda
Ýatlamalar bilen durun ikiçäk.

Edil siziň ýaly ýaşajykdym men,
Ak ýürekli, ak bilekli çagalar.
Ýyllara duýdurman ýaşajakdym men
Gaýtam men duýmakam geçipdir olar.

Obam! Sende çagalygym göründi,
Obam! Sende gülüp duran göz görýän.
Hany maňa özüň jogap ber indi,
Ýa senmikäň, ýa menmikäm özgerýän? ...

Halyl Kulyyew
12
45
halmyrat_gmail_com
2 Aprel 2022
Гульхан , ohow gowy gosgy aydym edip aytjak nesip bolsa toylarda howri kop bolsun yene sular yaly gosgy duzumek nesip etsin hemma 👍👍👍👍👍👍👍👍shahyrlygyna soz yok

Banucicek , Enemahri gowmy yagdaylan barmyň gorunmedinlay
Gülhan
23 Mart 2022
Melikee,ýadyňda galan )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.