Her gün urulýa, gynandyrylýa, agladylýa, şeýlebir kemsidilýä, ýöne ol şondada aýakda galmany başaryp dur. Nädip? Nähili bilemok ýöne, Käwagt pikir edip hayran galyan oňa, näme üçn şeyle Bes et! Bes et! diýlip üstüne gygyrylsada näme üçn hiç aýak çekenok. Näme üçn hiç göreşmekden ýadanok. Kiçijikligine garamazdan ýaňy gögeren tohum ýaly ulalyp boý alyp gitjegine şeýlebir ynanýar. Ony göz öňümde janlandyrsam haýpym gelýä, edil dünyadaki yeke täk teselli ýaly...
Eýse, Gynalyp göreşip barýar, Tozan basdy ýerini. Suwsuzlykdan halys ýadady. Sebäbi ol kiçijik nahaljyk ýaly ahyryn, ulalmagy üçn zerur zatlar gerekli. Ýöne ulalanogam, şol bolşunda dur.. Şondada kalbymyň düýbünde göreşmegini bes edäýenok. Kämahal ol şeýlebir yerden yere urulýar, ganatyna şikes ýeten guşuň uçmak üçn çyrpynyşlarnyň herekedine şayat bolansynyz. Men şoňa günde şayat..(her gije).. ÖLMEK! UÇUP BİLMEZLİK aklynada gelenok. Gijelerine.. öldürilmek üçin gynalýar, gynalýar. Hasam iki ganaty iki bölek edilýär, ucmasyn diyip. Suw berilmekden kesilýä, ösmesin ulalmasyn diýip...barybir. Beýdilsede barybir yitip gidenok. özündäki umydy ýitirenok. Sebäbi onuň özi Umyt ahyryn. Kiçijik kalbymyň kiçijik umydy. Birwagt ekilen Umydym... şeýlebir çyrpynýardy..(