ÝAŞULYŇ OÝLANMASYNDAN..
Kä oýnaklap ynjydamda ýüregni,
Gözlerinden ajy göz ýaş guýardy.
"Aglama" diýp sypanymda ýañagny,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.
Gyz kalby-da... näzijekdi, mähremdi,
Gyzyl, elwan bägülleri söýerdi.
Ýatdan çykyp, gülsüz barsam ýanyna,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.
Şokoladdy şol döwüriñ modasy,
Dok bolsa-da ik-üçisin iýerdi.
Duşuşukda şol çykmasa jübiden,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.
Hamylalyk gynaýarka işdäsin,
Süýji ukudan müñ bir gezek oýardy.
"Ýat! Irden guş süýdün tapjak" diýemde,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.
Çeper däldi eli kän bir biş-düşe,
Iñ datly tagamnyñ teýi köýerdi.
Duzly çorba dadyp bürşende ýüzüm,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.
Sähel ýeri ýyrtylsa-da eşikleñ,
Ony men däl, egnagajym geýerdi.
"Haçan tikin öwrenerkäñ?" diýemde,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr..." diýerdi.
Aç bolsagam, ýyrtyk köýnek geýsegem,
Bir wepaly ýara eýe ýigitdik.
Şoñ çigitdek göwnün ýykmajak bolup,
Şemal ýaly şuwlap gitdi ýigitlik.
Ýykylsamam şonly geçen ömrümde,
Ýeke gezek onuñ göwnün ýykmadym.
Şoña görä çigit ýaljak göwünden,
Aldym dünýä ýaly mähir hikmetin.
Kerim_Hally.