Elvan777
Elvan777
26.03.2022 16:29
Tebigata gyşyñ demi ýaýrady, Ýodalarda buzlar döndi düşege, Mähribanym ýene senden jañ geldi "Balam sowuk! Ýyljak geýin üşeme" Ýok ejejan, tenim sowuk duýanok, Egnimde palto bar, egnimde
Elvan777
Elvan777
25.03.2022 16:45
Gidiber dünýäniň eýesi sen däl, Gynanmaryn, ýürek dondy dash kimin Ykbalymdan aýryp ataryn beýläk, Gözlerinden akan ajy yash kimin Wagt bilen geçer, kosheship derdim, Ajy çeshme bolman akman dinerin,
Elvan777
Elvan777
24.03.2022 19:03
Sabyr etmek-ýöne durup garaşmak däldir, öndebaryjy garaýyşly bolmak diymekdir. Sabyr name? Tikene seredip güli, gijä bakyp gündizi hyýalyñda janlandyryp bilmekdir. Alla aşyk bolanlar sabry bägül
Elvan777
Elvan777
23.03.2022 21:42
Öwrenişip bilemok sensiz günlere Dymyşlyk deý hiç ahyry gelmeýär Düşündim men: göwün berip birine Ýüregiňi aman saklap bolmaýar Ýollaryňa bakýan köne endikli Ýyldyzlar köz deýin gögi deşdigi Bilemok
Elvan777
22.03.2022 00:24
Kä wagt adam ýalñyz bolmak isleýä...?! Eger bir ynsan ýalñyz bolsa, birini tapmadygy üçin däl, adamlara ynamy galmadygy üçindir... Birine ynanyp ýadanlygy üçindir. Çenden aşa ýadan ynsan dynç almak islär... Göwnüne degilen ynsan ynanmak islär... Ynanyljak birini görmeýän ynsan bolsa ÝALÑYZ galmak islär...!
15
116
Elvan777
21.03.2022 12:20
***Ýigrenji söýgiden möhüm hasaplaýan çünki ýigrenjiñ ýasamasy ýokdur.
***Ýa dymmak gerekdir ýada dymmakdanam gymmatly söz tapmak gerek
***Jähennem ynsanyň ýüreginde söýgüniň gutarýan ýerinde başlaýandyr.
***Bir zenanyň ykbaly söýen adamynyň ikiligi bilen söýmedik adamynyň wepasy ortasynda çözülýändir.
***Seni aldan gider başga birine aldanar gyssanma,ýalan bilen ýuwulan ýüz hyýanatla guraýandyr.
***Bir aýal diýjek zady kän wagty dymýan bolsa onda ol erkek bar şansyny ýitirendir diymekdir.
***Aldany aldamak lezzetdir emma söýeni aldamak namysyzlykdyr.
11
155
Elvan777
20.03.2022 01:02
Alla hemmämiziň içimizi we daşymyzy her pursatda kämilleşdirmek bilen meşguldyr. Biziň herimiz tamamlanmadyk sungat eseridiris. Başymyzdan geçen her waka, ýeňip geçen her bir kynçylygymyz ýetmezçiligimizi aradan aýyrmak üçin taslanandyr. Haktagala biziň kemçiliklerimiziň hersini aýratynlykda iş edinýär, çünki adamzat diýen eser çirksizligi maksat edinýändir.
13
47
Elvan777
19.03.2022 11:26
Garly gün
Köz galdyryp gursagynda bu gijäniñ
Sen gidip barýarsyñ: Salgymdeý galgap
Şol pursat jigerim jigledi bijaý
Bir demde üýtgetdi reñkini bar zat...
Señ yzyndan garap durun heýkel deý
Ne-hä soragym bar ne-de haýyşym
Ýöne gören çagym biçak örtendim
Taýgançak ýodada öñkiler ýaly
Daýanara meni tapman taýyşyñ...
"Ýollaryñ ak bolsun" diýýän deý asman
Henizem seçip dur ap-ak garyny
Menem mydam ak ýol diläpdim saña
Men nirden bileýin täsin durmuşda
Käte ak ýollañam taýdyrýanyny...
8
98
Elvan777
18.03.2022 13:04
Dushunmedim bu oýnuna ykbalyn ,
Saklap ence wagtlap ýörin icimde.
Agyr gije atyrsada bu ak daňym,
Oýanýaryn kagyz galam icinde.
Hic meniñ göz öñüme gelmändi,
Ýatsam tursam düýshde hushda hyýalda.
Pursat öwrümini özimce egläp,
Ilki tizläp soñra ýöräp haýallap.
Ýene birzat garaslşmandym hic wagt,
Öz guran köprümde özim ýöremek.
Onsoñ nirde ejizligini bilmän,
Ýalñyshyp ýol tapman soñra büdremek...
10
79
Elvan777
17.03.2022 12:17
Mähir doly sözleriñi bütin dünýä çalyşman ejemjan. Seniñ ýyly mähriñe aladaña yekeje ýylgyrşyña ömrümi bererin ejemjan. Sen meniñ bu dünýädäki iiiñ uly baýlygym bagtymsyñ sen ýüregimiñ ýarysysyñ. Alyo diýişimden ýekeje sözümden açdygymy gòwnüme biriniñ degendigini aýtmasamam ýagdaýymyñ nähilidigini duýýan ejemjan ýerdäki goragçy perişdäm. Dünýä näçe gezek gelsemem her gezeginde seniñ gyzyñ bolmagy saýlardym...
Eje ýaly seni cyndan söýjek ýok,
Eje ýaly sana mahir berjek ýok.
Eje ýaly senin halyn duyjak ýok,
Arman köpler eje gadryn bilenok.
Kä halatda sheýle ýalñyz duýýan özümi,
Shol pursatda sheýle bir küýseýän seni.
Kä halatda sheýle gänäli duýýan özümi,
Bir pursat kalbyñy ynjydan bolsam
bagyshla meni...
9
32