Elvan777
19.03.2022 11:26
Garly gün
Köz galdyryp gursagynda bu gijäniñ
Sen gidip barýarsyñ: Salgymdeý galgap
Şol pursat jigerim jigledi bijaý
Bir demde üýtgetdi reñkini bar zat...
Señ yzyndan garap durun heýkel deý
Ne-hä soragym bar ne-de haýyşym
Ýöne gören çagym biçak örtendim
Taýgançak ýodada öñkiler ýaly
Daýanara meni tapman taýyşyñ...
"Ýollaryñ ak bolsun" diýýän deý asman
Henizem seçip dur ap-ak garyny
Menem mydam ak ýol diläpdim saña
Men nirden bileýin täsin durmuşda
Käte ak ýollañam taýdyrýanyny...
8
98
gulshatayewa97
20 Mart 2022
Kakamyrat Rejepow
Dovletova_07
19 Mart 2022
👍👍👍👍👍👍👍
Lady🔗
19 Mart 2022
👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.