Öwrenişip bilemok sensiz günlere
Dymyşlyk deý hiç ahyry gelmeýär
Düşündim men: göwün berip birine
Ýüregiňi aman saklap bolmaýar
Ýollaryňa bakýan köne endikli
Ýyldyzlar köz deýin gögi deşdigi
Bilemok bir asyr bile boldukmy
Ýa bary bir günde bolup geçdimi?!
Indi hic kim menden öýkeläp gitmez
Hem ertir ir bilen günäm geçilmez
Jüp aýak sesine ûýrer-de itler
Başyma ýalñyzlyk derdini bürär
Gözüm gidýär: bezäp gadym dünýäni
Aý hiñlenip barýar suwly salmada
Neneñ kyn ekeni eden günäñi
Aýdyp ötümere adam bolmasa
Ýalñyz ýyldyz görsem dyglaýar inim
Bu kimiñ gazaby bu kimiñ hökmi ?!
Pyşyrdap soraýan: Aýt bu söýgüniñ
Şat günleri köpmi, hasraty köpmi?!