Tebigata gyşyñ demi ýaýrady,
Ýodalarda buzlar döndi düşege,
Mähribanym ýene senden jañ geldi
"Balam sowuk! Ýyljak geýin üşeme"
Ýok ejejan, tenim sowuk duýanok,
Egnimde palto bar, egnimde ellik!
Aýagymda ýüñ jorabym, ädigim!
Häzirä üst başym gülala-güllük.
Ýöne, eje, kalbym üşeýär juda,
Gagşaýar, gatadyp barýar ýüregmi.
Hut häzir men muny diýmän bilemok,
Öt günämi, agyrdaýsam ýüregñi!
Göni gursagymda nyşan ediyär,
Töwerekde otly sözleñ tikeni!
Indi magat göz ýetirdim, gyzyña,
Käbäm diñe sen düşünjek ekeniñ!
Gargalar başyma hekem boldyda,
Gonup bilmän, gökde durnam jyklaýar.
Ýaşlykmy, ýatlykmy, garaz birzada,
Kalbymy dyngysyz dyrnaçaklaýar.
Men ýene köp zada düşündim bärde,
Duşman däl her tumşugña kakan kişi,
Dost bolmaýar, her ýüzüñe gülenden
Eje oglyñ iñ aýylganç etmişi
Maña ynananlañ köýdi tamasy
Ynandym, ynama deger degmeze
Aslymda hemmämiz şeýle,
Pyçagy
Duýýas direlende kekirdegmize..!
Tebigata gyşyñ demi ýaýrady,
Ýodalarda buzlar döndi düşege,
Arkaýyn bol alada-da etme sen,
Eje, gyzyñ ýyly geýner üşemez!