Dusia
25.08.2023 11:04
Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek,
Sada bol Aýlaryň doguşy ýaly!
G.Ezizow.
Ezizim, göwnüňe degdim, bagyşla!
Söýgi bilen kejirmi men aşa ýa?!
Ýogsa dileglemde adyň nagyşlap,
Hyýalymda seniň bilen ýaşaýan...
Tekepbirdim, çykyp bolmaz gaýa dek,
Sadadym Aýlaryň doguşy ýaly,
Men özümi seniň üçin aýadym,
Çylşyrymly ýalňyzlaryň ahwaly.
Sesiň eştdim, gül sepildi göwnüme,
«Sen» diýeňde, serim degdi Arşyna!
Ýa näletle, ýa-da meni öwgüle,
Her niçigem bolsa, meni garşyla!
Ýola çykdym paý-pyýada yşk bilen,
Buýra saçym ýeller üzre galgady.
Saňa barýan bir üýtgeşik keşp bilen,
Ynansaň, özümde özüm galmady.
Ezizim, bagyşla, göwnüňe degdim,
Ýene gaýtalanmaz diýip bilmerin,
Seň kejir söýgiňe başymy egdim,
Indem seni asla goýup bilmerin!
Hyýalymda seniň bilen mydama,
Herne dileglemde adyň nagyşlap.
Bir pursadam göwnüň batmasyn gama,
Ezizim, göwnüňe degdim, bagyşla!
Gülşirin Hanowa
37
94
Dusia
20.08.2023 14:58
Bir wagtlar ähli duýgularyň ýaşaýan adasy bardy: Bagt, gynanç, begenç we beýlekiler, şol sanda hem söýgi.
Günleriň birinde duýgulara adanyň suw basjakdygyny duýduryş berdiler. Soňra olaryň hemmesi adany terk etmek üçin gaýyklaryny taýýarladylar. Söýgi adada galan iň soňky duýgydy, sebäbi iň soňky pursata çenli garaşmak isledi. Tas ada gark boldy diýlende Söýgi kömek soramak kararyna geldi.
Baýlyk gaty uly gaýykda geçip barýardy. Söýgi: –"Baýlyk, meni ýanyňa alarsyňmy?"
–"Ýok, edip bilemok. Gämimde altyn-kümüş gaty köp, saňa ýer ýok. "
Söýgi gaty owadan ýelkenli gämisi bolan Gahardan kömek sorady.
–“Gahar, maňa kömek et!”, Gahar bolsa
–“Saňa kömek edip bilemok, Söýgi... Seň üstüň başyň myžžyk, ýelkenli gämimi zaýalamagyň mümkin ".
Şol wagt hem Gynanç golaýlady we Söýgi kömek sorady: –"Gynanç, seniň bilen gitmäge rugsat ber". –"Aý, Söýgi, gaty gynanýan, men şu wagt ýalňyz galsam gowy boljak.
Bagt hem söýginiň golaýyndan geçip barýardy, ýöne şeýle bir bagtlymyş welin Söýginiň çagyryşyny eşitmänmiş. Söýgi, birden ses eşitdi. “Gel, söýgi! Men seni özüm bilen äkiderin ... ”Bu Söýgiden has ulyrak birisidi. Söýgi özüni şeýle bagtly duýdy welin, özüni kimiň alyp gidendigini bilmek hakda pikir etmedi. Täze ýurda ýetenlerinde, Söýgä kömek eden ýoluny dowam etdirdi. Oňa juda bergidardygyna gözi ýeten söýgi Akyldan sorady: "Maňa kim kömek etdi?" Akyl jogap berdi:
–"Wagt !".
–“Wagt? Näme üçin maňa kömek etdi? " diýip Söýgi sorady. Akyl ýylgyrdy:
📌"Sebäbi Söýginiň nähili beýikdigine diňe Wagt düşünip biler"
34
259
Dusia
10.08.2023 12:03
Meniň bir gelnim bar.
Şeýle bir gelin –
Beýle ajap gelin dünýäde ýokdur,
Şeýle bir naharlar bişirýär welin,
Kekre-de oň ýanda tagamlyrakdyr.
Aş bişirse – şerebedir şerebe.
Çapady bişirse – duran bir daşdyr.
Emma özi weli şeýle görmegeý.
Özümem ýaş weli,
Gelnimem ýaşdyr.
Unaş bişirende – belkesi hamyr,
Palaw bişirende – deň-ýary kesmek.
Çörek bişirende ýüzi gül-güldür,
Deň-ýarysy küldür,
Deň-ýary kesek.
Çişlik bişirende – deň ýary kömür,
Börek bişirende – öt ýaly ajy.
Emma ýüregi bar duran bir göwher,
Dilleri bar weli,
baldanam süýji.
Mundan öňki ömrüm biderek eken,
Indi üç ýyl bäri tukat günüm ýok,
Gaýgy, gussa hasrat diýilýän zatlaň
Adyn eşitsem-de, özün bilemok.
Seýle bir bälçik ol,
bir söz diýdigi
Adam bary burlup,
Şol güler ýatar.
Üç ýyl bäri garnym gyzyl aç weli,
Şonda-da gaharym gelenok beter.
Ýeri, nädip oňa gaharym gelsin,
Ýüzüne gyňralyp bakan mahalym,
Bir bälçigin aýdyp goýberýär welin,
Şo bada güm bolup gidýär gaharym.
Onsoňam, diňe bir bälçikligi däl,
Dökülýär elinden şeýle bir dürler –
Çeken keşdesini gören adamlar
Başyn ýaýkap,
ýaýkap,
ýaýkap giderler.
Alçaklyk, bälçiklik, eli çeperlik
Gyzlar üçin juda gerekdir welin,
Jan eneler, käte gyzlaryňyza
Nahar bisirmänem öwredeweriň.
35
294
Dusia
24.06.2023 21:14
Bu makala hemmeler üçin ýazylýar, ýöne esasanam medisina bilen meşgullanmak, lukman bolmak isleýän ýaşlar, lukmançylyk mekdebiniň okuwçylary, lukmançylyk mekdebini ýaňy gutaran ýaş lukmanlar, bu hünärde birnäçe wagt bäri işleýänler, olaryň ene-atalary üçin ýazylýar, şeýle-de är-aýal, ýakyn we uzak garyndaşlary, kwartira goňşulary we ähli tanyşlary üçin Otuz ýyla golaý lukman bolmak bilen, ahyrsoňy bu makalany ýazjakdygym üçin rahatlygym bar.
ÝOK, men hiç haçan göwne degiji zat ýazmaryn! Hünäriň mukaddesligi, hünäriň söýgüsi hakda size aýtjak däl, sebäbi olar hakynda onlarça makalalar bar. Olary ýazmak, ilki bilen bu makalanyň adyna ters gelýär.
Men size faktlar we aýdylmadyk zatlar hakda gürrüň berjek. Şonuň üçin bu makalany okamazdan ozal size duýduryş berýärin, halamaýan bolsaňyz, derrew şu ýerde okamagyňyzy bes edip bilersiňiz. Köpriniň öňündäki soňky çykyş!
Näme üçin lukman bolýarsyňyz? Pikir edip gördüňizmi? XVIII asyryň ahyrynda doglan ýazyjy we taryhçy Waşington Irwingiň hemmesiniň diýen ýaly dillerinde "Beýik adamlaryň ideallary bar, ýönekeý adamlaryň islegleri bar" diýen sözleri bar. Eý Allam! Bu söz gaty howply! Sebäbi ol hakykatdanam ýok bolup görünýän we käwagt ýalan bolup biljek ideallary direldip biler. Ýönekeý adamyň uly höwesini ideallara, şol idealy bolsa durmuşyny tersine öwürýän durmuş ýörelgesine öwrüp biler. Lukmançylyk idealizmiň bu gämisine köp turist çeken hünär. Gynansagam, işe gireniňizden soň, görnüşi ýaly aňsat däl.
Ene-atalar, ýakyn adamlar we hatda dostlaram sizi lukmançylyk hünärine höweslendirmek üçin köplenç uruşda bolana meňzeýär, olar gaty abraýly, girdejili we hormatly hünär hasaplaýarlar. Hiç hili ýamanlygym ýok, ýöne bu barada pikirlenmegiňizi haýyş edýärin! Häzir diýilýänlerde hakykat barmy?
Diňe bu barada pikirlenip görüň, diýjek bolýan zadym birneme düşnükli bolar ýaly, meni ýylgyrtýan gülkünç ýatlamany aýdaýyn.
Hiç haçan ýatdan çykarmaryn, takmynan bäş ýyl ozal maşgala bolup gatnaşýan bir kärdeşim Täze ýyl baýramçylygynda şol bir öňki sözlerini ýene gaýtalap aýtdy: “Bolýar, dostum, bu okap ýörşüň bilen sen haçan professor bolarkaň? Bizem professor dostumyz bar diýip öwünip, seni görkezeliňdä! " Spektaklyň adyndan has möhümdigine bütin ömrüne ynanan biri hökmünde dostuma göz aýladym: “Alada etme!” diýdim. “Ýakynda. Mundan başga-da, professor bolanymda, rektora hatyny size ibermegini haýyşt ederin, resminama bilen has ynandyryjy bolar, has aňsat görkezersiňiz. :) ” Elbetde gülmedi, ýöne beýleki dostlarym gülüp başladylar.
Statistik maglumatlara görä, uniwersitet saýlawlarynda lukmançylyk mekdebini saýlamak öňem häzir hem has meşhur. Her sapakda okuwçylarymdan näme üçin lukmançylyk mekdebini saýlandyklaryny soraýaryn. Öňler has idealistik jogaplar alýardym, şu günler aljak jogabym has köp "Işim taýýar". stilinde. Şeýle-de bolsa, olaryň köpüsi entek başdan geçirjeklerini bilenoklar!
Lukman ine lukmançylygyň senden alýan zatlary:
Ilki bilen lukman bolmak diňe bir hünär däl, bu durmuş ýörelgesidir.
Talyp wagtyňyz size “Wi siz latyn dilinde öwrenýärsiňizmi?”diýip sorardylar. Beýleki ugurlardan has agyrdy, ýöne talyp ýyllary iň huzurly ýyllar eken ýenede näçe aýak üstünde ylgasakda, lukmançylygy okaýan halymyza gerekli uky ýa iýmit almalydygymyzy bilibem çäklerimizi zorlasakda. Munuň ýaly manysyz soraglara degip durjak däl.
Köp ýyllaryň dowamynda hassahananyň enjamlary öýe (hassalaryň faýllary we ş.m. resminamalary, ätiýaçlyk lukmançylyk gurallary) we edil şonuň ýalyda hökmany öý goşlary siziň bilen iş ýerine gitmeli boldy, çünki günüň ummasyz bölegi, hatda tutuş gün hem işde geçmeli bolýar. Bu ýagdaý diňe daşardan seredýänler üçin geň görünýär. Bu siziň üçin gaty adaty ýa-da hatda zerur ýagdaý.
Hiç haçan gaty öndürijilikli durmuş gurmarsyňyz. Iň owadan jemgyýetçilik wakalary ( toýlar, dabaralar, hatda öz çagalaryň toýy hem) hassahananyň möhüm telefon jaňlary bilen kesilýär. Çalt turup, ylgap işe gaýdarsyň.
Moda dizaýneri ýa-da dellekhanaçy size hiç haçan mugt maslahat ýa-da hyzmat bermez. Ýöne lukman bolsaňyz, "Kellämde agyry bar" ýaly monologlara öwrenişiberiň...
Käwagt gaty köp işleýärsiň, hajathana we günortanlyk arakesmesine ýetip bilmeýärsiň, hiç ulaldyp aýdamok!
Epidemiýalarda, uzak bolmadyk wagtda ýaşaýşymyz ýaly, sizi söweşde birinji hatara çykarýarlar. Ömrüňizi ýitirip bilersiňiz.
Köpçülikde her gün diýen ýaly lukmanlar kemsidilýär, ýene boýny buruk, asudalygyny saklamaly hem lukmanlar... Google-dan kömek soraň, arassa belgini görüp bilmersiňiz. Emma Covid-19-dan ölen lukmanlaryň bilýäňizmi näçe sany bar.
Netijede, hemme zada garamazdan, lukmançylyga okuwa girip, lukman bolmak isleýän bolsaňyz, näme bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyňyza taýyn boluň we düşünjeli bir karar berseňiz, men diňe kararyňyzy hormatlaryn!
Ýöne hemme zatdan bihabar bolsaňyz ýa-da iş tapmak barada aladalanmak ýaly sebäplere görä bu karary eden bolsaňyz, hiç kimi diňlemeli däl diýip pikir edýärin, gämiden iň ýakyn wagtda portda düşmek size baglydyr. Durmuş siziň durmuşyňyzdyr, ony nädip sarp etjekdigiňizi we saýlamalaryňyzy diňe özüňiz çözüp bilersiňiz!
Çeşme:
https://tr.wikiquote.org/wiki/Washington_Irving
http://www.polojisozlugu.com/secondary-gain-ikincil-kazanc
39
409
Dusia
24.06.2023 17:18
Bir adam bir hepdäniň ýadawlygyndan soň ýekşenbe güni irden oýananda, hepdäniň ýadawlygyny aýyrmak üçin gazetini alyp, bütin gün öýde oturaryn öýdüpdi. Edil şu zatlar hakda oýlanýarka, ogly ylgap gelip, kinoteatra haçan barjakdygyny sorady. Kakasy ogluna şu dynç güni filmlere gitjekdigini wada beripdi, ýöne hiç hili daşary çykmak islemeýändigi üçin bahana gözlemeli boldy.
Soň bolsa gazetiň mahabat hökmünde dünýä kartasyna göz aýlady. Ilki bilen dünýä kartasyny ownuk böleklere böldi we ogluna, bu kartany düzedip bilseň, seni kinoteatra alyp giderin diýdi. Soň bolsa oýlandy: Aý, halas boldum, iň gowy geografiýa professory getirseňem, bu kartany agşama çenli düzedip bilmez.
On minut geçenden soň, ogly kakasynyň ýanyna ylgady we: "Kaka, kartany düzetdim, indi kinoteatra gidip bileris" diýdi. Ol adam muňa ynanyp bilmedi we görmek isledi. Muny görüp haýran galdy we muny nädip beýle çalt düzedendigini sorady.
Ogly jogap berdi:
Maňa beren kartaň aňyrsynda bir adamyň suraty bardy.
YNSANY DÜZGÜN EDIP GOÝANYMDAN SOŇ DÜNÝÄNİŇ ÖZİ DÜZELİBERDİ
43
387