Bir wagtlar ähli duýgularyň ýaşaýan adasy bardy: Bagt, gynanç, begenç we beýlekiler, şol sanda hem söýgi.
Günleriň birinde duýgulara adanyň suw basjakdygyny duýduryş berdiler. Soňra olaryň hemmesi adany terk etmek üçin gaýyklaryny taýýarladylar. Söýgi adada galan iň soňky duýgydy, sebäbi iň soňky pursata çenli garaşmak isledi. Tas ada gark boldy diýlende Söýgi kömek soramak kararyna geldi.
Baýlyk gaty uly gaýykda geçip barýardy. Söýgi: –"Baýlyk, meni ýanyňa alarsyňmy?"
–"Ýok, edip bilemok. Gämimde altyn-kümüş gaty köp, saňa ýer ýok. "
Söýgi gaty owadan ýelkenli gämisi bolan Gahardan kömek sorady.
–“Gahar, maňa kömek et!”, Gahar bolsa
–“Saňa kömek edip bilemok, Söýgi... Seň üstüň başyň myžžyk, ýelkenli gämimi zaýalamagyň mümkin ".
Şol wagt hem Gynanç golaýlady we Söýgi kömek sorady: –"Gynanç, seniň bilen gitmäge rugsat ber". –"Aý, Söýgi, gaty gynanýan, men şu wagt ýalňyz galsam gowy boljak.
Bagt hem söýginiň golaýyndan geçip barýardy, ýöne şeýle bir bagtlymyş welin Söýginiň çagyryşyny eşitmänmiş. Söýgi, birden ses eşitdi. “Gel, söýgi! Men seni özüm bilen äkiderin ... ”Bu Söýgiden has ulyrak birisidi. Söýgi özüni şeýle bagtly duýdy welin, özüni kimiň alyp gidendigini bilmek hakda pikir etmedi. Täze ýurda ýetenlerinde, Söýgä kömek eden ýoluny dowam etdirdi. Oňa juda bergidardygyna gözi ýeten söýgi Akyldan sorady: "Maňa kim kömek etdi?" Akyl jogap berdi:
–"Wagt !".
–“Wagt? Näme üçin maňa kömek etdi? " diýip Söýgi sorady. Akyl ýylgyrdy:
📌"Sebäbi Söýginiň nähili beýikdigine diňe Wagt düşünip biler"