Dusia
10.08.2023 12:03
Meniň bir gelnim bar.
Şeýle bir gelin –
Beýle ajap gelin dünýäde ýokdur,
Şeýle bir naharlar bişirýär welin,
Kekre-de oň ýanda tagamlyrakdyr.

Aş bişirse – şerebedir şerebe.
Çapady bişirse – duran bir daşdyr.
Emma özi weli şeýle görmegeý.
Özümem ýaş weli,
Gelnimem ýaşdyr.

Unaş bişirende – belkesi hamyr,
Palaw bişirende – deň-ýary kesmek.
Çörek bişirende ýüzi gül-güldür,
Deň-ýarysy küldür,
Deň-ýary kesek.

Çişlik bişirende – deň ýary kömür,
Börek bişirende – öt ýaly ajy.
Emma ýüregi bar duran bir göwher,
Dilleri bar weli,
baldanam süýji.

Mundan öňki ömrüm biderek eken,
Indi üç ýyl bäri tukat günüm ýok,
Gaýgy, gussa hasrat diýilýän zatlaň
Adyn eşitsem-de, özün bilemok.
Seýle bir bälçik ol,
bir söz diýdigi

Adam bary burlup,
Şol güler ýatar.

Üç ýyl bäri garnym gyzyl aç weli,
Şonda-da gaharym gelenok beter.

Ýeri, nädip oňa gaharym gelsin,
Ýüzüne gyňralyp bakan mahalym,
Bir bälçigin aýdyp goýberýär welin,
Şo bada güm bolup gidýär gaharym.

Onsoňam, diňe bir bälçikligi däl,
Dökülýär elinden şeýle bir dürler –
Çeken keşdesini gören adamlar
Başyn ýaýkap,
ýaýkap,
ýaýkap giderler.

Alçaklyk, bälçiklik, eli çeperlik
Gyzlar üçin juda gerekdir welin,
Jan eneler, käte gyzlaryňyza
Nahar bisirmänem öwredeweriň.
35
294
iska95
11 Awgust 2023
@indi, naharyň bir alajy bolor ilki ozii govy bolmaly
alma___
10 Awgust 2023
Oglanlara sorag? Siz goşgydaky ýaly gyzy saýlardyñyzmy ýada eli sùýji dili ajy gyzy saýlardyñyzmy
Dusia
10 Awgust 2023
@guldesse, aý ýok ol problemadana kösenemok şükür welin surata goşgy tapman goýaýdym 😅 gowja goşgy bolansoñ
senorita
10 Awgust 2023
MashAllah 🥰❤️ Gõz degmesin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.