Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek,
Sada bol Aýlaryň doguşy ýaly!
G.Ezizow.
Ezizim, göwnüňe degdim, bagyşla!
Söýgi bilen kejirmi men aşa ýa?!
Ýogsa dileglemde adyň nagyşlap,
Hyýalymda seniň bilen ýaşaýan...
Tekepbirdim, çykyp bolmaz gaýa dek,
Sadadym Aýlaryň doguşy ýaly,
Men özümi seniň üçin aýadym,
Çylşyrymly ýalňyzlaryň ahwaly.
Sesiň eştdim, gül sepildi göwnüme,
«Sen» diýeňde, serim degdi Arşyna!
Ýa näletle, ýa-da meni öwgüle,
Her niçigem bolsa, meni garşyla!
Ýola çykdym paý-pyýada yşk bilen,
Buýra saçym ýeller üzre galgady.
Saňa barýan bir üýtgeşik keşp bilen,
Ynansaň, özümde özüm galmady.
Ezizim, bagyşla, göwnüňe degdim,
Ýene gaýtalanmaz diýip bilmerin,
Seň kejir söýgiňe başymy egdim,
Indem seni asla goýup bilmerin!
Hyýalymda seniň bilen mydama,
Herne dileglemde adyň nagyşlap.
Bir pursadam göwnüň batmasyn gama,
Ezizim, göwnüňe degdim, bagyşla!
Gülşirin Hanowa