Doktar
08.10.2020 14:27
Dunyade birgun gynanman yasayan adam barmyka
5
243
Doktar
26.08.2020 15:29
ogry gije ketege towyk ogyrlamaga girya gorse 3 sany towyk ogry gaharyna towyklan ikisini halta salyp 3ni bogyp oldiryade boynuna yup danyp ketegin agzyndan asya asagynada hat yazya menii bagyslan heleylemi gorapbilmedim son ucinem ozimi asdym
????
11
189
Doktar
25.08.2020 15:30
bir wagtyn icinde gep edip sowusip ursyp aglasyp sonam kosesip gujaklasyp yarasyan ynsana gyz diyilyar ????
9
106
Doktar
23.08.2020 08:38
Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi AstraZeneca britan-şwed farmaseptik kompaniýasyna (Oksford uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde koronawirusa garşy sanjymy taýýarlaýar) serişdesiniň kliniki synaglarynyň üçünji, jemleýji tapgyryny Russiýada geçirmäge rugsat berdi. Bu barada Reýter agentligine salgylanyp, kommersant.ru ýetirýär.

«Kliniki barlaglaryň maksady — uly adamlarda COVID-19 täze koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin AZD1222 serişdesiniň immun jogabyny döredijiligini we howpsuzlygyny bahalandyrmak» — diýlip, kliniki barlaglary geçirmäge rugsat hatynyň rus ýazgysynda aýdylýar.
Barlaglara 150 adam gatnaşar. Olary Moskwada we Sankt-Peterburgda dört sany lukmançylyk edarasy, şol sanda RF-iň Saglygy goraýyş ministrliginiň Smorodinsew adyndaky dümewiň ylmy-barlag instituty we Akademik Pawlow adyndaky Birinji Sankt-Peterburg döwlet lukmançylyk uniwersiteti geçirer.
Öň, «R-Farm» rus farmaseptik kompaniýasy AstraZeneca bilen COVID-19-a garşy Oksford sanjymynyň önümçiligi we üpjünçiligi barada gepleşdi. Häzir dünýäde bir sanjym — Gamaleýa adyndaky merkeziň taýýarlan «Sputnik V» sanjymy bellige alyndy. Ol 11-nji awgustda bellige alnypdy. Onuň kliniki synaglary heniz tamamlananok.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

Oksfordyň koronawirusa garşy sanjymynyň synaglary üstünlikli diýlip tassyklanyldy
AstraZeneca Ýaponiýa koronawirusa garşy sanjymyň 120 mln dozasyny berer
3
85
Doktar
02.08.2020 10:51
Birgun bir garry ene yasy 80 den gecen metjide gidip mareke bilen otyryp Ymamyn wagyzyny dinleya gowy gowy gurunller edilya dinlap lezet alyp gaytyan ene gelyaka onunden agtygy cykyp ene nireden gelyan enesi plan mollan gurinini dilapgelyan gowy gurrunler etdi diya agtygy ene hany manada aydyp ber name gurrun berdi enesi pikirlenya yadyna dusenok ay oglum menina yadyma dusenok diya agtygy bor ene yadyna dusende ayday diya enesi yene ertesi metjide gitya esdilayjek yerine barypda wagyz dinleya yene oyune dolanya agtygy ene bugunem gitdinmi howa ogul bugunem ajap gurunler berdi dinlap hezil etdim agtygy hany aydyp ber ene menem esdeyin diya enesi pikirlenya yadyna dusenok ogulena yene yadyma dusenokda agtygy ene namcun biderek zahmet koydirip gidyan yatda saklap bilenok dusunekon biderek yadap yormeda diya enesi gel suna wagtyna jogap bereyin diyip ertesi agtygyny yanyna cagyryp eline bir kirli sewet alyp ogul mana suny doldyryp suw getirip ber diya agtygy ene meni oynajak bolyanmy sewetdede bir suw durarmy diya enesi ay ogul enen diyeni edayda gitde getirjek bolup synanys diya ogly enemin buyrygy bolmasada ssynansayyn diya cesma baryp suwa sewedi batyryp cykaryp doldyryp suw alya iki adim yoremaka suw bosaya yen seytya suw bosaya ay boljakdal diyip enesinin yanyna dolanya ene meni barlap goryanmi munda suw duranoga enesi wah jan ogul seret sewede akidende nahili kirlidi suwa batyryp cykardyn arassalandy menem sewet yalyda barypda sol wagyzy dinleyan kalbymy ruhymy tamizlap gaytyan diyip jogap beripdir

Gurban bayramynyz mubarek bolsun ediljek ayat towerleriniz Alla dergahinde kabul bolsyn yene indiki yylardada gurban kesmek niyesser eyelesin,.!!!!!!!
13
1 201
Doktar
30.07.2020 11:07
gan emele getiriji öýjüklerde DNK-nyň
we RNK-nyň emele gelmegini sazlaýar we ganyň şekilli elementleriniň
kämilleşmegine täsir edýär. Bedende
gan emele gelşini güýçlendirýän ulgam
bilen bilelikde ony togtadýan ulgam
hem bar. Olara keýlonlar, laktoferin,
prostaglandinler, interferon degişlidir.
Gemopoezi sazlamaklyga immun
ulgamy hem gatnaşýar. Gemopoez –
düwünçek (embrional) döwrüniň başynda (19–22 günlük düwünçekde)
sarylyk haltanyň gan adajyklarynda
amala aşyrylýar. Düwünçegiň ösüşiniň
5-nji hepdesinden (ikinji aýda) başlap,
gemopoez, esasan, bagyrda amala
aşyrylýar we doglandan soňra bütin
ömrüniň dowamynda ganyň emele gelşi gyzyl süňk ýiliginde geçýär.
Düwünçek döwründe amala aşyrylýan
eritropoez embrional ýa-da megaloblastik diýlip atlandyrylýar. Çaga doglandan soň (postembrional döwürde)
postembrional ýa-da normoblastik
diýilýär (gyzyl süňk ýiliginde).
Ganyň umumy göwrüminiň bozulmalary.
Ganyň umumy göwrüminiň kadaly möçberde saklanmagy normowolemiýa diýlip atlandyrylýar (normo –
kada, wolum – göwrüm, gemo – gan).
Kadada ganyň umumy mukdary
bedeniň agramynyň 6–8%-ni tutýar.
Eritrositleriň plazmanyň göwrümine
bolan göterim gatnaşygyna gematokrit
görkezijisi diýilýär.
Bu görkeziji kadada 36–48%-e
ýa-da 0,36–0,48 g/l barabar, ýagny
36–48% ganyň göwrümi öýjüklerden
durýar, galan 52–64% plazma, ony
ýörite kapillýar-gematokritde sentrifugirleme usuly arkaly kesgitleýärler.
Patologik şertlerde ganyň umumy mukdary we gematokrit görkezijisi üýtgäp bilýär. Ganyň umumy mukdaryna baglylykda, şeýle üýtgemeler
tapawutlandyrylýar:
1. Giperwolemiýa;
2. Gipowolemiýa;
3. Normowolemiýa
7
357
Doktar
29.07.2020 10:00
Leýkositleriň umumy häsiýetleri. Leýkositler ýa-da ak (reňksiz) gan öýjükleri- bular gemoglobinsiz, ýadroly öýjükler. Sagdyn adamyň 1 mkl ganynda 6000- 8 000 leýkosit bar. Leýkositlere gurluşy, funksiýalary we emele gelýän ýerleri () boýunça tapawutlan öýjükleriň birnäçe görnüşleri degişli. Sagdyn adamyň ganynda, sany otnositel bolan eritrositleriden tapawutlylykda, leýkositleriň sany, gije-gündiziň dowamynda we organizmiň funksiýa taýdan ýagdaýyna baglylykda üýtgäp durýar. Leýkositoz diýlip, ganyň 1 mkl ak gan öýjükleriniň sany 10 000-den ýokary bolan ýagdaýy aýdylýar, eger olaryň sany 1 mkl-de 4000-den az bolsa leýkopeniýa diýilýär. Leýkositoz köplenç alawlama kesellerinde ýa-da has agyr görnüşde- leýkozlarda duş gelýär.
Leýkositleriň migrasiýasy. Leýkositleriň ähli görnüşleri amýoba şekilli hereket etmäge ukyply, şuňa görä olar gan damarlarynyň diwaryndan daşary çykyp (migrirläp hem diýilýär) bilýärler. (Bu hadysa diapedez diýlip hem atlandyrylýar) Olar bakteriýa toksinlerine, bakteriýalar ýa-da organizmiň öýjükleri darganda emele gelýän önümlere we antigen-antitelo komplekslerine görä položitel hemotaksise eýe. Leýkositler keseki jisimleri gurşamaga we olary sitoplazmasyna geçirmäge ukyply (fagositoz). Leýkositleriň her bir görnüşinde kesgitli fermentler, şol sanda, proteazalar, peptidazalar, diastazalar, lipazalar we dezoksiribonukleazalar bar. Leýkositleriň köp bölegi (50% gowragy) gan damarlaryndan daşarda, öýjügara giňişlikde, galanlary (30% gowragy) süňk ýiliginde ýerleşýärler. Ähtimal, ähli leýkositler üçin (bazofillerden beýlekileri üçin, seret aşakda), gan ilki bilen gatnadyjynyň roluny oýnaýar, olary emele gelýän ýerinden (süňk ýiliginden we limfa dokumasyndan) olaryň zerur bolan dokumalaryna eltýär.
8
646
Doktar
28.07.2020 11:18
Bir omur goyup Kabe deninde
kan ayytdym adaryn sonky demimde
kemala getiren enan onunde
yuzin cytyp bat bermegin sesine
hichacan hiczadyn hatyrasyna

soz guldirer asla gulmejek gyzy
soz getirer asla gelmejek gyzy
yone hayysym almajak gyzyn
degmegin gymatly ar namysyna
hichacan hiczadyn hatyrasyna

bir arzuw astynda yatyp oyanyp
kyn guninde sutun kimin soyenip
iki gunlik gelen sana dayanyp
kone dosdyn yakasyny gysma gysymyna
hichacan hiczadyn hatyrasyna
15
1 459