Doktar
30.07.2020 11:07
gan emele getiriji öýjüklerde DNK-nyň
we RNK-nyň emele gelmegini sazlaýar we ganyň şekilli elementleriniň
kämilleşmegine täsir edýär. Bedende
gan emele gelşini güýçlendirýän ulgam
bilen bilelikde ony togtadýan ulgam
hem bar. Olara keýlonlar, laktoferin,
prostaglandinler, interferon degişlidir.
Gemopoezi sazlamaklyga immun
ulgamy hem gatnaşýar. Gemopoez –
düwünçek (embrional) döwrüniň başynda (19–22 günlük düwünçekde)
sarylyk haltanyň gan adajyklarynda
amala aşyrylýar. Düwünçegiň ösüşiniň
5-nji hepdesinden (ikinji aýda) başlap,
gemopoez, esasan, bagyrda amala
aşyrylýar we doglandan soňra bütin
ömrüniň dowamynda ganyň emele gelşi gyzyl süňk ýiliginde geçýär.
Düwünçek döwründe amala aşyrylýan
eritropoez embrional ýa-da megaloblastik diýlip atlandyrylýar. Çaga doglandan soň (postembrional döwürde)
postembrional ýa-da normoblastik
diýilýär (gyzyl süňk ýiliginde).
Ganyň umumy göwrüminiň bozulmalary.
Ganyň umumy göwrüminiň kadaly möçberde saklanmagy normowolemiýa diýlip atlandyrylýar (normo –
kada, wolum – göwrüm, gemo – gan).
Kadada ganyň umumy mukdary
bedeniň agramynyň 6–8%-ni tutýar.
Eritrositleriň plazmanyň göwrümine
bolan göterim gatnaşygyna gematokrit
görkezijisi diýilýär.
Bu görkeziji kadada 36–48%-e
ýa-da 0,36–0,48 g/l barabar, ýagny
36–48% ganyň göwrümi öýjüklerden
durýar, galan 52–64% plazma, ony
ýörite kapillýar-gematokritde sentrifugirleme usuly arkaly kesgitleýärler.
Patologik şertlerde ganyň umumy mukdary we gematokrit görkezijisi üýtgäp bilýär. Ganyň umumy mukdaryna baglylykda, şeýle üýtgemeler
tapawutlandyrylýar:
1. Giperwolemiýa;
2. Gipowolemiýa;
3. Normowolemiýa
7
357
Doktar
30 Iýul 2020
F...? sps bilmek isleyan zadyn bolsa yuzlenip bilersin
F...?
30 Iýul 2020
Sabog

Sag bol doktor senem bayramyn gutly mubarek bolsun.

Gan aylanys baradaky maglumatyn gaty gowy
Doktar
30 Iýul 2020
salam doslarym hemanizin yetip gelyan musulman aleminin Milli bayramy bolan Gurban bayramy bilen tusyurekden gutlayan herbirinizin masgala ojagynyzda agzybirlik berik jansaglyk we iman baylygyny beyik biribardan dileyan

bugun men size gan ulgamy barada kicirak beyan bilen tanys edesim geldi boldygyndan siz dusuner yaly edip yazdym kop lukmancylyk sozlerini ayyryp siz dusuner yaly yazdym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.