Doktar
23.08.2020 08:38
Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi AstraZeneca britan-şwed farmaseptik kompaniýasyna (Oksford uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde koronawirusa garşy sanjymy taýýarlaýar) serişdesiniň kliniki synaglarynyň üçünji, jemleýji tapgyryny Russiýada geçirmäge rugsat berdi. Bu barada Reýter agentligine salgylanyp, kommersant.ru ýetirýär.

«Kliniki barlaglaryň maksady — uly adamlarda COVID-19 täze koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin AZD1222 serişdesiniň immun jogabyny döredijiligini we howpsuzlygyny bahalandyrmak» — diýlip, kliniki barlaglary geçirmäge rugsat hatynyň rus ýazgysynda aýdylýar.
Barlaglara 150 adam gatnaşar. Olary Moskwada we Sankt-Peterburgda dört sany lukmançylyk edarasy, şol sanda RF-iň Saglygy goraýyş ministrliginiň Smorodinsew adyndaky dümewiň ylmy-barlag instituty we Akademik Pawlow adyndaky Birinji Sankt-Peterburg döwlet lukmançylyk uniwersiteti geçirer.
Öň, «R-Farm» rus farmaseptik kompaniýasy AstraZeneca bilen COVID-19-a garşy Oksford sanjymynyň önümçiligi we üpjünçiligi barada gepleşdi. Häzir dünýäde bir sanjym — Gamaleýa adyndaky merkeziň taýýarlan «Sputnik V» sanjymy bellige alyndy. Ol 11-nji awgustda bellige alnypdy. Onuň kliniki synaglary heniz tamamlananok.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

Oksfordyň koronawirusa garşy sanjymynyň synaglary üstünlikli diýlip tassyklanyldy
AstraZeneca Ýaponiýa koronawirusa garşy sanjymyň 120 mln dozasyny berer
3
85
Doktar
25 Awgust 2020
BagtyýarGeldiýew gowy ozin natyan
BagtyýarGeldiýew
24 Awgust 2020
Doktar,bratok naili gowmy yagdaylan. Natya kanikul gowy gecyami
Doktar
23 Awgust 2020
barlagdan gecirilen indi kopcilikleyin urylyp baslanar
Myhman Myhman
23 Awgust 2020
Men ešidišime gôrä eýãm sanjym edilipdir meýletinlere Putiniñ gyzy hatda urdurypdyr sanjym dp maglumat dogrymy bilemok ýône...
Doktar
23 Awgust 2020
Selbiniyaz sps how nesip bolsa onki halynada gelet

sps
Doctor
23 Awgust 2020
gaty gowy makala!???
Selbiniyaz
23 Awgust 2020
Gaty gowy makala. Dunya yene onki halyna gaydyp gelse gowy bordy. ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.