Leýkositleriň umumy häsiýetleri. Leýkositler ýa-da ak (reňksiz) gan öýjükleri- bular gemoglobinsiz, ýadroly öýjükler. Sagdyn adamyň 1 mkl ganynda 6000- 8 000 leýkosit bar. Leýkositlere gurluşy, funksiýalary we emele gelýän ýerleri () boýunça tapawutlan öýjükleriň birnäçe görnüşleri degişli. Sagdyn adamyň ganynda, sany otnositel bolan eritrositleriden tapawutlylykda, leýkositleriň sany, gije-gündiziň dowamynda we organizmiň funksiýa taýdan ýagdaýyna baglylykda üýtgäp durýar. Leýkositoz diýlip, ganyň 1 mkl ak gan öýjükleriniň sany 10 000-den ýokary bolan ýagdaýy aýdylýar, eger olaryň sany 1 mkl-de 4000-den az bolsa leýkopeniýa diýilýär. Leýkositoz köplenç alawlama kesellerinde ýa-da has agyr görnüşde- leýkozlarda duş gelýär.
Leýkositleriň migrasiýasy. Leýkositleriň ähli görnüşleri amýoba şekilli hereket etmäge ukyply, şuňa görä olar gan damarlarynyň diwaryndan daşary çykyp (migrirläp hem diýilýär) bilýärler. (Bu hadysa diapedez diýlip hem atlandyrylýar) Olar bakteriýa toksinlerine, bakteriýalar ýa-da organizmiň öýjükleri darganda emele gelýän önümlere we antigen-antitelo komplekslerine görä položitel hemotaksise eýe. Leýkositler keseki jisimleri gurşamaga we olary sitoplazmasyna geçirmäge ukyply (fagositoz). Leýkositleriň her bir görnüşinde kesgitli fermentler, şol sanda, proteazalar, peptidazalar, diastazalar, lipazalar we dezoksiribonukleazalar bar. Leýkositleriň köp bölegi (50% gowragy) gan damarlaryndan daşarda, öýjügara giňişlikde, galanlary (30% gowragy) süňk ýiliginde ýerleşýärler. Ähtimal, ähli leýkositler üçin (bazofillerden beýlekileri üçin, seret aşakda), gan ilki bilen gatnadyjynyň roluny oýnaýar, olary emele gelýän ýerinden (süňk ýiliginden we limfa dokumasyndan) olaryň zerur bolan dokumalaryna eltýär.