Doctor
21.08.2020 11:30
Uçýan awtoulaglar peýda bolar.

Birnàçe ýyldan bàri uçýan awtoulaglar işlenip tayyarlanyan hem bolsa, entek olary ýol hereketinde görüp bolmayar. Tehnologiýanyñ ösen ýurdy hasaplanyan Ýaponiýada uçýan awtoulaglaryñ 2023- nji ýyla cenli tayyar edilmegi maksat edinilyar. Hàzire cenli " Airbus", " Boeing " ýaly uçargurluşyk kompaniyalary şeýle hem
" Uber" ýaly taksicilik firmalary şeýle ulaglary öndürmegiñ aladasyny edýàr. " SkyDrive " atly ýapon kompaniyasy SD- XX atly uçýan ulagy işlàp tayyarlayar. Kiçi göwrümli bu ulag dikligine ucup hem gonup bilýar. Elektrik energiyasy bilen işleyan ulagyn sagatdaky tizligi 100 km yetyar.Iki orunlyk ulagyn synag sürüşleri tomus paslynda tamamlanjykdygy malim edilyar. Firmanyñ ýolbaşçysy Tomohiro Fukuzawa golayda Tokya, Osaka ýaly iri şàherlerde uçýan ulaglary arkaly hyzmaty ýola goýjakdyklaryny belleyar. Ilkibaşda ucuşlar " Universal Studios Japan" ýaly has kicirak giñişliklerde ýerine ýetiriler. Fukuzawa bu ulagyn dolulygyna diyen ýaly özbaşdak hereket edip bilýandigini, emma işlàn wagty pilotyñ hem ony dolandyryp biljekdigini aýdyar. Ulagyñ bahasynyñ gymmat bahaly ulagynka barabar boljakdygy we 2028- nji ýyla cenli 100 sanysynyñ satylmagynyñ maksat edinilyandigini màlim edildi.!!!
3
289
Doctor
20.08.2020 16:29
Hytayda aşgazan dokumasyny dikeltmek üçin robot döredildi.

Hytaýly alymlar bioprinter ulanyp, adamyñ aşgazanyny bejerip bilýàn robot yasadylar. Has takygy inžinerler, endoskop arkaly aşgazana girýan ýylana meñzeş robotyñ prototipini döretdiler. Adamyñ icine giren robot aşgazan diwarynyñ zeperlenen dokumalaryny bejermage ukyplydyr!
8
158
Doctor
19.08.2020 01:16
Beýniñizi hiçhili görmeseñizem biri size seretýàrkà beýni size signal goýberýàr,ýatyrkañyz hem biri size seredip oturan bolsa beýniñiz sizi derrew oýandyrar we oýanarsyñyz.


8
158
Doctor
17.08.2020 02:05
Awtobusda 7 adam bar, 7 adamda 7 pişik bar, 7 pişikde 7 sany pişik çagasy bar, awtobusda jemi naçe aýak bar???
5
212
Doctor
15.08.2020 15:31
Trombositler- ganyñ şekilli elementleriniñ biri bolup, ilkibaşda olaryñ wezipesi diñe ganyñ lagtalanmagyna gatnaşmak diyip hasaplanan bolsa, häzirki döwürde geçirilen barlaglaryñ netijesinde, trombositlere ýokary derejede ýöriteleşen, çylşyrymly arhitektonikaly, şeýle hem funksional taýdan işjeñ öýjükler hökmünde garalýar. Olar adgeziýa, reparasiýa we sekresiýa ( serotonini, interleýkini I, ösüş faktoryny işläp çykarýarlar) ukyplydyrlar. Trombositlerde sitoplazmatik membrana bilen birleşýàn kanaljyklaryñ açyk ulgamy saklanýar. Bu ulgamyñ üsti bilen trombositlere gan plazmasynyñ käbir proteinleriñ ( fibronektin, albuminler, immunoglobulinler) endositozy we sekretor wezikulolarynyñ ( köpürjikler) bolsa, ekzositozy amala aşýar.
Trombositleriñ dinamik öýjükler hökmünde gan damarlarynyñ zeperlenmegi bilen geçýán gaýnaglama hadysalaryna, neoplaziýa garşy reaksiýalara gatnaşýandygyny, dogabitdi we adaptiw immun jogaplaryñ aralarynda baglanyşygyñ ýüze çykmagyny üpjün edýàndigini bellàp geçmelidir. Trombositleriñ bu funksiýalary olarda bar bolan TLRs ( Toll - like reseptors) reseptorlary bilen baglanyşyklydyr. Bu reseptorlar organizmiñ immun ulgamynyñ öýjüklerinde: monositlerde, neýtrofillerde, makrofaglarda, dendrit öýjüklerinde, T we B - limfositlerde we patogenlerden goragyñ birinji ugrunyñ wekilleri bolan deriniñ we nemli bardalaryñ epitelial öýjüklerinde saklanýar.
Alfa- dànelerinden ençeme ösüş faktorlaryñ boşamagy netijesinde, trombositleriñ dokumalarda reparasiýa hadysalaryny güýçlendirmek ukybyny öýjük terapiýasynda ( bejergisinde) ulanmak hàzirki wagtda lukmançylyk ylmynyñ dürli pudaklarynyñ hünàrmenleriniñ ileri tutýan wezipeleriniñ birine öwrüldi. Autogen ösüş faktorlarynyñ elýeterli çeşmesi bolan trombositlere baý plazma ( platelet- rich plasma) parodontitde, operasiýadan soñky iriñligaýnaglama gaýraüzülmelerde, aşaky ahyrlaryñ bitmeýàn trofiki ýaralarynda we başga patologiki hadysalarda ulanylýar.
Ýokarda aýdylanlar bilen baglylykda, trombositleriñ tàze mümkinçiliklerini ýüze çykarmaklyga gönükdirilen barlaglaryñ nazary we amaly àhmiýeti öràn uly bolup durýar.
5
120
Doctor
14.08.2020 00:39
Geldiñ, bahar, durmuşa jan getirdiñ,
Giñ asmandan dökýàñ tylla merjeni,
On altymdan on ýedime ýetirdiñ,
Hiç unudyp bilmen asyl men seni.

Hawa, seni gördüm on alty gezek,
Emma on ýedimiñ bahar -ýazyny,
Aýdym ýaly gursagymda göterip,
Dutar alyp çalaryn oñ sazyny.

On ýedi ýaşymda gül açan bahar,
Maña şu durmuşyñ şa ýolun açdyñ,
Deñiz bolup joşýan gül ýaşlygyma,
Baky gülgüzarlyk nuruny saçdyñ.

Sagbol, eziz bahar, sagbol geregim,
Ýyldan - ýyla saña alkyş sözlärin,
Urmasyn goýýança meniñ ýüregim,
Giñ durmuşa gadam goýan baharym,
On ýedimiñ baharyny gözlärin!!!



0
5
209
Doctor
13.08.2020 00:51
" Knowledge doesn't come, but you have to go to it."
5
157
Doctor
12.08.2020 16:45
Adamlar BÄSDEŞ bilen BASDAŞYÑ arasyndaky tapawudy bilýäñizmi???
4
79
Doctor
09.08.2020 14:50
Bütindunya Saglygy Goraýyş Guramasynyñ kesgitlemesine göra ýaşulylar 60 dan,gartaşan adamlar bolsa 70 yasdan uly adamlar diyip hasaplanylyar. Ýaşuly we gartaşan adamlarada kelle beýni şikeslerinin (KBŞ) gecişi, özbolusly kliniki yuze çykmalary, patomorfologiki ayratynlyklary bilen şertlendirilýàr. Ýaşyñ ulalmagy bilen utgaşyp gelýàn kesellerin artmagy KBŞ- niñ geçişinde oñaýsyz netijeleri getirýar. Ýaşuly we gartaşan adamlaryñ KBŞ- niñ hirurgiki bejergilerinin çàklerinde gaýraüzülmeleriñ ýuze cykyp biljek wagtyna göra, operasiýalaryñ göwrümine we bejergileriñ netijelerine baha bermeklik wajyp meseleleriniñ biri hasaplanylyar. Şeýle-de, her bir ýaşuly we gartaşan nàsaglar üçin töwekgelçilikli faktorlary anyklamak, bejergileriñ netijesine baha bermek möhüm ähmiýete eýedir. Işiñ maksady - kelle beýni şikesli ýaşuly we gartaşan nàsaglarda hirurgiki bejergileriñ netijelerine baha bermek we töwekgelçilikli faktorlaryñ ähmiýetini çaklamak. KBŞ- den ejir çeken àhli nàsaglara dinamiki kliniki- newrologiki, laborator we enjamlaýyn barlaglary yzygiderli geçirilýar. Olaryñ icinde neýrowizualizasiýanyñ esasy usuly bolan, kelle beýnisíniñ kompýuter tomografiýa (KT) we magnit rezonans tomografiýa (MRT) barlaglary ulanylýar. Ejir çeken nàsaglarda süñk plastiki trepanasiýasy (SPT), rezeksion dekompression trepanasiýasy hemde nàsaglarda kiçi göwrümli az inwaziw trefinasiýa deşiginden gematomany aýyrmak operasiýalary geçirilýàr...
8
305
Doctor
08.08.2020 10:31
Okamaklyk meñ pikirimce iñ gowy zatlaryñ biri. Kompýuter, telefon we ş.m tehnologiýalaryñ üsti bilen köp işler ýerine ýetirip bolýar emma unutmañ kompýuter adamy dàl adam kompýuteri döretdi!!! Biz Ýaşlar Diñe öñe hemise okamaly, öwrenmeli!!! Her birimizin arzuwlary bar sol arzuwlary ýerine ýetirip bilmek bizin öz elimizde!!! Hemde bizin üçin hemise alada edýàn ejemiz hemde kakamyz bizin üçin olaryñ goldawlary möhümdir!!!
9
217