Doctor
15.08.2020 15:31
Trombositler- ganyñ şekilli elementleriniñ biri bolup, ilkibaşda olaryñ wezipesi diñe ganyñ lagtalanmagyna gatnaşmak diyip hasaplanan bolsa, häzirki döwürde geçirilen barlaglaryñ netijesinde, trombositlere ýokary derejede ýöriteleşen, çylşyrymly arhitektonikaly, şeýle hem funksional taýdan işjeñ öýjükler hökmünde garalýar. Olar adgeziýa, reparasiýa we sekresiýa ( serotonini, interleýkini I, ösüş faktoryny işläp çykarýarlar) ukyplydyrlar. Trombositlerde sitoplazmatik membrana bilen birleşýàn kanaljyklaryñ açyk ulgamy saklanýar. Bu ulgamyñ üsti bilen trombositlere gan plazmasynyñ käbir proteinleriñ ( fibronektin, albuminler, immunoglobulinler) endositozy we sekretor wezikulolarynyñ ( köpürjikler) bolsa, ekzositozy amala aşýar.
Trombositleriñ dinamik öýjükler hökmünde gan damarlarynyñ zeperlenmegi bilen geçýán gaýnaglama hadysalaryna, neoplaziýa garşy reaksiýalara gatnaşýandygyny, dogabitdi we adaptiw immun jogaplaryñ aralarynda baglanyşygyñ ýüze çykmagyny üpjün edýàndigini bellàp geçmelidir. Trombositleriñ bu funksiýalary olarda bar bolan TLRs ( Toll - like reseptors) reseptorlary bilen baglanyşyklydyr. Bu reseptorlar organizmiñ immun ulgamynyñ öýjüklerinde: monositlerde, neýtrofillerde, makrofaglarda, dendrit öýjüklerinde, T we B - limfositlerde we patogenlerden goragyñ birinji ugrunyñ wekilleri bolan deriniñ we nemli bardalaryñ epitelial öýjüklerinde saklanýar.
Alfa- dànelerinden ençeme ösüş faktorlaryñ boşamagy netijesinde, trombositleriñ dokumalarda reparasiýa hadysalaryny güýçlendirmek ukybyny öýjük terapiýasynda ( bejergisinde) ulanmak hàzirki wagtda lukmançylyk ylmynyñ dürli pudaklarynyñ hünàrmenleriniñ ileri tutýan wezipeleriniñ birine öwrüldi. Autogen ösüş faktorlarynyñ elýeterli çeşmesi bolan trombositlere baý plazma ( platelet- rich plasma) parodontitde, operasiýadan soñky iriñligaýnaglama gaýraüzülmelerde, aşaky ahyrlaryñ bitmeýàn trofiki ýaralarynda we başga patologiki hadysalarda ulanylýar.
Ýokarda aýdylanlar bilen baglylykda, trombositleriñ tàze mümkinçiliklerini ýüze çykarmaklyga gönükdirilen barlaglaryñ nazary we amaly àhmiýeti öràn uly bolup durýar.
5
120
Planowaplan
1 Fewral 2021
👍 👍 👍👍👍 it is very good
Doctor
17 Awgust 2020
l read " English vacobulary in use" upper- intermediet

and electron books
guli_
17 Awgust 2020
Doctor,yes I do

Doctor,what book are you reading
Doctor
17 Awgust 2020
do you want to speak English or turkmen? I reading a book
guli_
17 Awgust 2020
Doctor,what are you doing

Doctor,Why are you not sleeping
Doctor
17 Awgust 2020
nice
guli_
17 Awgust 2020
Doctor,very well
Doctor
17 Awgust 2020
Fine! Thank you. And you
guli_
17 Awgust 2020
Doctor,How are you
Doctor
17 Awgust 2020
hello Gülnar_03
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.