Geldiñ, bahar, durmuşa jan getirdiñ,
Giñ asmandan dökýàñ tylla merjeni,
On altymdan on ýedime ýetirdiñ,
Hiç unudyp bilmen asyl men seni.
Hawa, seni gördüm on alty gezek,
Emma on ýedimiñ bahar -ýazyny,
Aýdym ýaly gursagymda göterip,
Dutar alyp çalaryn oñ sazyny.
On ýedi ýaşymda gül açan bahar,
Maña şu durmuşyñ şa ýolun açdyñ,
Deñiz bolup joşýan gül ýaşlygyma,
Baky gülgüzarlyk nuruny saçdyñ.
Sagbol, eziz bahar, sagbol geregim,
Ýyldan - ýyla saña alkyş sözlärin,
Urmasyn goýýança meniñ ýüregim,
Giñ durmuşa gadam goýan baharym,
On ýedimiñ baharyny gözlärin!!!