Uçýan awtoulaglar peýda bolar.
Birnàçe ýyldan bàri uçýan awtoulaglar işlenip tayyarlanyan hem bolsa, entek olary ýol hereketinde görüp bolmayar. Tehnologiýanyñ ösen ýurdy hasaplanyan Ýaponiýada uçýan awtoulaglaryñ 2023- nji ýyla cenli tayyar edilmegi maksat edinilyar. Hàzire cenli " Airbus", " Boeing " ýaly uçargurluşyk kompaniyalary şeýle hem
" Uber" ýaly taksicilik firmalary şeýle ulaglary öndürmegiñ aladasyny edýàr. " SkyDrive " atly ýapon kompaniyasy SD- XX atly uçýan ulagy işlàp tayyarlayar. Kiçi göwrümli bu ulag dikligine ucup hem gonup bilýar. Elektrik energiyasy bilen işleyan ulagyn sagatdaky tizligi 100 km yetyar.Iki orunlyk ulagyn synag sürüşleri tomus paslynda tamamlanjykdygy malim edilyar. Firmanyñ ýolbaşçysy Tomohiro Fukuzawa golayda Tokya, Osaka ýaly iri şàherlerde uçýan ulaglary arkaly hyzmaty ýola goýjakdyklaryny belleyar. Ilkibaşda ucuşlar " Universal Studios Japan" ýaly has kicirak giñişliklerde ýerine ýetiriler. Fukuzawa bu ulagyn dolulygyna diyen ýaly özbaşdak hereket edip bilýandigini, emma işlàn wagty pilotyñ hem ony dolandyryp biljekdigini aýdyar. Ulagyñ bahasynyñ gymmat bahaly ulagynka barabar boljakdygy we 2028- nji ýyla cenli 100 sanysynyñ satylmagynyñ maksat edinilyandigini màlim edildi.!!!