Indi diňe jennetde bir bolarys
- Ýaman erbet gyz ekeniň-eý -diýip, gahar bilen hyrçymy dişledim. Sen bolsa ýarym kinaýa, ýarym gahar bilen ýüzüme ýyrşaryp:
- Söýýändigiň çynyň bolsa, şertim şu – diýdiň. – Indi bu dünýäde hi-iç görüşmeýäs, sataşmaýas, bir gezegem. Düşündiňmi!
- Uzakdan garaňy görsem bolarmy – diýip naýynjar ýalbardym.
- Juk – diýip, başyňy ýaýkap, ýene ýylgyrdyň. – Garamy hem görmeli däl. Menem seni görmerin. Diňe birek-birege wepaly bolup, garaşyp ömrümizi geçirmeli.
- Onsaň näme?
- Onsaň şol edenimiz biziň söýgimiziň subutnamasy bolar.
Men seniň gepiňden many tapman, möle gözlerim bilen alagözleriňe garaýardym. Sen bolsa ýene:
- Onsaň biz diňe jennetde bir bolarys – diýdiň. – Beren sözümizde durup bilenimiziň bahasy şol bolar, söz berýän, jennetde bile bolarys.
Men seniň täsin şertiňe näme diýjegimi bilmän güldüm welin, sen gyz has çynyňy etdiň:
- Gepleşdikmi? Razy bolsaň ber eliňi?
Gaharym geldi saňa. Berdim elimi. Mymyk elleriň ýylysyny duýup, bir meýdan durasym geldi. Onam etmediň, gözlerime garap:
- Hoş – diýdiň-de, elleriňi çekip alyp ötägitdiň.- Indi diňe jennetde didarlaşarys.
Kän salymam geçmän sen dünýäňi täzelediň. Müň gülünden bir gunçasy açylmadyk bägülimi gara ýere duwladylar.
Baýak ejem-kakam aýagyňy baglajak diýenlerinde, hiç kime öýlenmek islemeýändigimi çürt-kesin aýtdym. Şol gije sen ýene düýşüme girdiň:
- Men saňa jennetde garaşyp ýörendirin!
Sylapberdi MUHAMOW.