Bir döwürler bir oba bolupdyr,bu obañam ýetişip gelýän owadan,asylly, ýaş gyzy bolupdyr. Bu gyz çala göze görnüp başlanyndan hyrydarlary köpelipdir. Gyzly öýüñ Eli sacakly myhmanlary köp bolupdyr,ýöne hic hyrydaryñam sözi alynmandyr. Şeýle hyrydar bolup ,söýüp,sözi alynmadyk oglanlaryñ biri obadan cykyp gidipdir. Aradan ýyllar gecipdir,ýañky oglan obasyna,yzyna gelipdir. Gelip görse bir döwür söýen söz aýdan gyzy obañ iñ pes abraýly öýüne gelin bolupdyr. Baý,garyp,asylly,asylsyz köp adamyñ hyrydar bolan gyzynyñ düşen bu güni oglany haýran galdyrypdyr. Şol gözeliñ gelin bolan öýüne işi düşen ýañky oglan ,gapyny kakyp gözel gelinden suw sorapdyr. Gelin suwy getirende ,oglan günlerdir kellesinde bolan şol soragy geline beripdir. \\\"Hyrydaryñ köpdi,han,begler,nähili mertler gapyña geldi,hic biriniñ sözüni almadyñ ,şu öýe gelin gelipsiñ ,bu näme etdigiñdir?\\\". Gelin bu soraga jogap bermäge howlugmandyr. Calaja ýylgyran gelin,ýañky oglandan h:ol bagdan iñ gözel bägüli getirmegini sorapdyr,bägüli getirende soragy jogaplajagyny aýdypdyr...
oglan baga giripdir ,bir güle elini uzadypdyr,görse añarda has owadan gül. Ol güle elini uzadypdyr,görse añarda has gyzyl gül. Şol güli alaýyn diýipdir,görse añarsynda has iri gül... şeýdip şeýdip tiken baryny tenine cümdürip ,bagyñ soñuna ýeten oglan görse bärde gül ýok ,öñem az bolan gülleriñ arasynda owadany ýok . Tikenli baga täzeden girmäge heder eden oglan ,bir gara, solan güli ýolup, geline eltip beripdir. Gelin güli görüp oglandan näme ücin şonca gözel gülüñ arasyndan solanyny alyp gelenini sorapdyr. Oglan bolan ýagdaýy gürrüñ beripdir.Gelin ýylgyrypdyr,ýylgyryşy janyñy alyp barýan gelin "ine meñ ýar saýlaýşym hem şeýle boldy" diýipdir...