Bitter
12.10.2023 09:15

Indi diňe jennetde bir bolarys


- Ýaman erbet gyz ekeniň-eý -diýip, gahar bilen hyrçymy dişledim. Sen bolsa ýarym kinaýa, ýarym gahar bilen ýüzüme ýyrşaryp:

- Söýýändigiň çynyň bolsa, şertim şu – diýdiň. – Indi bu dünýäde hi-iç görüşmeýäs, sataşmaýas, bir gezegem. Düşündiňmi!

- Uzakdan garaňy görsem bolarmy – diýip naýynjar ýalbardym.

- Juk – diýip, başyňy ýaýkap, ýene ýylgyrdyň. – Garamy hem görmeli däl. Menem seni görmerin. Diňe birek-birege wepaly bolup, garaşyp ömrümizi geçirmeli.

- Onsaň näme?

- Onsaň şol edenimiz biziň söýgimiziň subutnamasy bolar.

Men seniň gepiňden many tapman, möle gözlerim bilen alagözleriňe garaýardym. Sen bolsa ýene:

- Onsaň biz diňe jennetde bir bolarys – diýdiň. – Beren sözümizde durup bilenimiziň bahasy şol bolar, söz berýän, jennetde bile bolarys.

Men seniň täsin şertiňe näme diýjegimi bilmän güldüm welin, sen gyz has çynyňy etdiň:

- Gepleşdikmi? Razy bolsaň ber eliňi?

Gaharym geldi saňa. Berdim elimi. Mymyk elleriň ýylysyny duýup, bir meýdan durasym geldi. Onam etmediň, gözlerime garap:

- Hoş – diýdiň-de, elleriňi çekip alyp ötägitdiň.- Indi diňe jennetde didarlaşarys.

Kän salymam geçmän sen dünýäňi täzelediň. Müň gülünden bir gunçasy açylmadyk bägülimi gara ýere duwladylar.

Baýak ejem-kakam aýagyňy baglajak diýenlerinde, hiç kime öýlenmek islemeýändigimi çürt-kesin aýtdym. Şol gije sen ýene düýşüme girdiň:

- Men saňa jennetde garaşyp ýörendirin!


Sylapberdi MUHAMOW.

33
342
ylham_gurbanaly
5 Noýabr 2023
@sazsoft, aha, düşnükli)
sazsoft
5 Noýabr 2023
@Ylham_Gurbanaly, ýok, telefonyň özüni etdi. Hiç nomerdenem girip bolanok, başga telefonda öz nomerimden girip bilýän :)
ylham_gurbanaly
5 Noýabr 2023
@sazsoft, nomeri edendirä? Başga nomerden girip bolanokmy?
sazsoft
5 Noýabr 2023
@Ylham_Gurbanaly, Hä, ýok, IMO telefonymy bloklady. IMO girmek üçin täze telefon edinmeli :)
ylham_gurbanaly
5 Noýabr 2023
@sazsoft, zyýany ýok. Täzeden dobavid edäýeris)
ylham_gurbanaly
5 Noýabr 2023
@Bitter, hawa)
sazsoft
5 Noýabr 2023
@Ylham_Gurbanaly, waleýkim! Şükür, erbet däl. Hawa, telefonym blok boldy :)
ylham_gurbanaly
5 Noýabr 2023
@sazsoft, Salawmaleýkim. Gowy, özüňiz gowmy? Hawa imodana ýitipdiňiz, birden. Şuwagtjyk gördüm, sagboluň:)
sazsoft
5 Noýabr 2023
@Bitter, Sag boluň, siziňem gijäňiz rahat bolsun! Düýşüňizde görersiňiz gelýän adamy görüp, süýji ukydan lezzet alyň! 🌛
sazsoft
5 Noýabr 2023
@Ylham_Gurbanaly, gowumy okuwlar, ýagdaýlar? IMO-da blok bolalym bäri ýat bolup gitdiňiz. Düýnki gazetde goşgularyňyz çap edilipdir :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.