Akyl - ony göteren başa köp-köp belalar getirýän bir zat. Edil artykmaç baýlygyň janyňy howpa düşürişi ýaly. Emma akyl we baýlyk arasynda uly tapawutlaryň biri: baýlygy taşlap bolar, emma aklyñy welin taşlaýyp bilmersiñ. Ozaly, taşlamak islemersin, soñra taşlamak mümkin bolmaz.Aklyñ berýän jebri hakda iki mysal: Uly şeyhleriň biri Şeyh Şibli asylyp öldürilen beyik sopy we akyldar hakda şeyle diyipdir: «Hallaç bilen men aýny pikirdedik, yöne maña diwanalyk ýöñkediler. şo sebäpli sypdym, akylly bolmasy ony (Hallajy) heläk etdi».
Yer şarynyň, planetalaryň aýlanýanlygyny aýdany üçin Galileý jebre sezewar bolýar. Edilen sütemlere cydaman ol öz pikirinden dönýänini aýdypdyr, emma geplemäge dili baranda, yene «Öñi-soñy aýlanyar-la" diyipdir.
Bu taryhyň sahypalaryndan. Emma gündelik işinde akyl zerarly neneňsi garşylyklar görmeli bolýandygyny özüni tanayan ynsanlar bilýändirler. Magtymgulynyň aýdyşy ýaly: «Dünýäde añlandan añlamaz kändir». Şol bilmez köplük akylly, bilýän azlyga garṣy elmydama hereketdedir...
Kitabyñ bu bölegi barada näme pikir etjegimi bilmedim,ýöne paýlaşmak isledim.