Berdi s ý
21.04.2020 01:34
Ine bu bolsa dogry.
Niçeme ajaýyp ukyply adamlar, çekinjeňlik sebäpli ýitip gidendir.
Muhammet Bozdag.
...Ýygra ýigdiň köýer arzuw hyýaly
Artykmaç utanjañ bolmagyn oglum...
13
372
7
Berdi s ý
21.04.2020 01:26
Düşünmek başga, bilmek başgadyr, müň zat bilenden bir zada düşünmek has ýegdir.
M.Fethullah Gülen
Ýumşak gürle tä kalplaryň gapylary açylsyn, mylaýym bol tä wyždanlar seniň pikirleriňi kabul etsin, yhlasly hereket et tä täsiriň dowamly bolsun.
10
343
6
Berdi s ý
20.04.2020 23:57
«Ýalan sözlemekde azap howpy, dogruçyllykda sogap umydy bolmadyk ýagdaýynda hem akylly adam ýalançylykdan daşlaşyp, dogruçyllyga meýil etmelidir. Sebäbi ýalançylyk adamyň har we bigadyr edýändir».
Dogruçyllyk nirede tuguny dikse,
Hak özüniň ýardamyny berýändir.
Hiç kim gizlemändir dogruçyllygy,
Hak sözden hiç kim zyýan görmändir.
Azapdan gutulmak üçin çyn sözle,
Çyn söze Hudaýdan üstünlik geler.
Dogryňy sözleseň her bir söhbetde,
Hudaý ol sözüňe penakär bolar.
Ýazary: HÜSEÝIN KÄŞIFI.
Eser: MUHSYNYNYŇ AHLAGY.
10
273
4
Berdi s ý
20.04.2020 23:50
Şeýle hekaýat edýärler:
Bir patyşa agyr ýagdaýa düşýär. Ol: «Eger Alla meniň şu işimi islegime görä çözse, hazynamdaky ähli pulumy garyp-misginlere paýlaryn» diýip äht edýär. Haktagala onuň işini derrew islegine görä çözýär. Patyşa öz ähdine wepaly bolmak isleýär. Ol hazynaçyny çagyryp, hazynadaky pullary sanamagy buýurýar. Hazynanyň pullarynyň hasaby çykarylýar. Emirlerdir döwlet sütünleri:
– Eý, patyşamyz! Munça puly derwüşlere bermek bolmaz. Sebäbi leşger ýarag- esbapsyz we mümkinçiliksiz galar – diýýärler. Patyşa:
– Men bu pullaryň ählisini berilmeli adamlara berjekdigim barada äht etdim – diýýär.
Döwlet sütünleri:
– Alymlaryň aýtmaklaryna görä, patyşanyň adamlary hem «we olary ýygnaýanlar» diýen höküme görä, oňa mynasyp adamlardyr – diýýärler.
Patyşa çykgynsyz hala düşýär. Ol öz otagynda otyrka bir derwüşiň geçip barýa- nyny görüp, bu barada onuň bilen maslahatlaşmak üçin çagyrmaklaryny buýurýar. Derwüşi çagyrýarlar. Patyşa oňa:
– Eý, derwüş! Men: «Eger meniň şu işim şowuna bolsa, ähli baýlygymy Allanyň ýolunda paýlajak» diýip, Onuň öňünde äht etdim. Meniň ol işim şowuna boldy. Pul, baýlyk köp. Emirler olary bermeklik bilen razylaşmaýarlar. Alymlar bolsa leşgerdäkileriň hem baýlygy almaga haklydyklaryny öňe sürýärler. Sen näme diýersiň – diýýär. Derwüş oňa: – Eý, patyşa! Sen baýlygyňy derwüşlere berjekdigiň barada äht eden wagtyň leşgerdäkileri hem göz öňüne tutduňmy? – diýýär. Patyşa:
– Ýok, diňe garyplary we mätäçleri göz öňüne tutdum – diýýär. Derwüş:
– Onda şol göz öňüne tutan adamlaryňa ber – diýýär. Emirleriň biri: – Eý, derwüş! Baýlyk sansyz, leşger bolsa üpjün däl – diýýär. Derwüş ol emirden ýüzüni sowup:
– Eý, patyşa! Sen şol ähtleşen adamyňa ýene-de işiň düşse, onda ähdiňe wepaly bol, eger-de oňa işiň düşmejek bolsa we oňa mätäç bolmasaň, onda islän zadyňy et – diýýär.
Patyşa aglap, ähli baýlyklary garyp-misginlere paýlamaklygy buýurýar.
Mätäç boljak bolsaň oňa ir-u-giç,
Ýüz öwürme onda wepadarlykdan.
Permany ýörgünleň mertebeleri,
Іz ähdine wepa berip durmakdan.
Wepadarlyk – şahynşalyk ýörelge,
Akyldarlyk – ähte wepa bermekden.
Ýazary: HÜSEÝIN KÄŞIFI.
Eser: MUHSYNYNYŇ AHLAGY.
7
275
2
Berdi s ý
19.04.2020 15:12
Bir azajyk ýylgyryş goşuň şu günüňize☺
12
394
8
Berdi s ý
19.04.2020 15:07
Azajyk sabr et...belki görenleriňiz pikir edişiňiz ýaly däldir☝.
9
210
4
Berdi s ý
18.04.2020 22:17
Şäherli biri köýnek ogurlapdyr. Ol ony satmak üçin ogluna beripdir. Ony oglundan hem ogurlapdyrlar. Ogly gelende, kakasy oňa:
— Näçä satdyň? — diýipdir.
Ogly:
— Alan ýerimize — diýip jogap beripdir.
10
364
4
Berdi s ý
18.04.2020 18:52
SEN HAKDA OÝLARA BATANYMDA GEL.
Sen hakda oýlara batanymda, gel!
Çöl egne gök donun atanynda, gel!
Ak topugňy gizläp, uzyn köýnekli
Garrylar-gurtular ýatanynda, gel!
Başga-başga zatlaň oýun edýärkäm,
Bir pursat ýadymdan çykanyňda, gel!
Men seni ýagyşdan, ýelden goraýyn,
Gara oý-pikirleň süteminde, gel!
Şadyýan bol, gam çek ýazu-gyşlarda.
Gök gürläp, ýyldyrym çakanynda, gel!
Ýöne mydam meni saňa duşuran —
Seni maňa beren Watanymda, gel!
GURBANNAZAR EZIZOW.
9
308
4
Berdi s ý
17.04.2020 21:59
18
329
9
Berdi s ý
17.04.2020 18:00
USSA HEM ONUŇ ÇAŞY ŞÄGIRDI HAKYNDA HEKAÝAT
Adaty günleriň birinde ine,
Ussa ýumuş buýran öz şägirdine:
«Gapyň aňyrsynda durandyr bir gap, Şony meň ýanyma alyp gel ylgap.»
Şägirt çaşy eken. Berlensoň buýruk, Oglan gabyň duran şaýyna girip,
Seretse, durmuşyn iki sany gap,
Ol ussaň ýanyna eňýär alňasap.
«Bagyşla bimaza edýänmi seni,
Gaplar iki, getireýin haýsyny?»
Ussa diýen: «Beýle däldir, peläket,
Çaşy gözüň bilen oňatja äňet!»
Şägirt gaýtalapdyr öňki sözüni.
Ussa oýa batan süzüp gözüni.
Eden pikri görnüp öz göwnüne jaý, Diýen: «Iki bolsa, birini döwäý!»
Şägirt gaplaň birin artykmaç saýyp, Döwende, beýlekem bolupdyr gaýyp.
Kä adamlaň dogabitdi kemleri
Çaşynyň gününe salýar kimleri.
Olar-gözleň öňün duman deý örtüp,
Her zady bolşundan görkezýär artyk.
Kim niýetin diken bolsa ýamana, Ömrüboýy ýaran bolýar ýalana.
Jelaleddin Rumy
MENI KALBYŇYZDAN GÖZLÄŇ
7
322
5
Yene yükle