Berdi s ý
17.04.2020 18:00
USSA HEM ONUŇ ÇAŞY ŞÄGIRDI HAKYNDA HEKAÝAT

Adaty günleriň birinde ine,
Ussa ýumuş buýran öz şägirdine:

«Gapyň aňyrsynda durandyr bir gap, Şony meň ýanyma alyp gel ylgap.»

Şägirt çaşy eken. Berlensoň buýruk, Oglan gabyň duran şaýyna girip,

Seretse, durmuşyn iki sany gap,
Ol ussaň ýanyna eňýär alňasap.

«Bagyşla bimaza edýänmi seni,
Gaplar iki, getireýin haýsyny?»

Ussa diýen: «Beýle däldir, peläket,
Çaşy gözüň bilen oňatja äňet!»

Şägirt gaýtalapdyr öňki sözüni.
Ussa oýa batan süzüp gözüni.

Eden pikri görnüp öz göwnüne jaý, Diýen: «Iki bolsa, birini döwäý!»

Şägirt gaplaň birin artykmaç saýyp, Döwende, beýlekem bolupdyr gaýyp.

Kä adamlaň dogabitdi kemleri
Çaşynyň gününe salýar kimleri.

Olar-gözleň öňün duman deý örtüp,
Her zady bolşundan görkezýär artyk.

Kim niýetin diken bolsa ýamana, Ömrüboýy ýaran bolýar ýalana.

Jelaleddin Rumy

MENI KALBYŇYZDAN GÖZLÄŇ
7
322
Berdi s ý
17 Aprel 2020
Minnetdar☺
Dünýäm
17 Aprel 2020
Gaty gowy eken ????❤
Berdi s ý
17 Aprel 2020
Salam Myhman. Başgaça görnüşini ýazyp bilmezmiñ.

Men şu görnüşini okadym☺
Myhman Myhman
17 Aprel 2020
mn gosgyny basgaca esdipdim
Bts
17 Aprel 2020
Gaty gulkunc eken?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.