Berdi s ý
18.04.2020 18:52
SEN HAKDA OÝLARA BATANYMDA GEL.

Sen hakda oýlara batanymda, gel!
Çöl egne gök donun atanynda, gel!
Ak topugňy gizläp, uzyn köýnekli
Garrylar-gurtular ýatanynda, gel!

Başga-başga zatlaň oýun edýärkäm,
Bir pursat ýadymdan çykanyňda, gel!
Men seni ýagyşdan, ýelden goraýyn,
Gara oý-pikirleň süteminde, gel!

Şadyýan bol, gam çek ýazu-gyşlarda.
Gök gürläp, ýyldyrym çakanynda, gel!
Ýöne mydam meni saňa duşuran —
Seni maňa beren Watanymda, gel!

GURBANNAZAR EZIZOW.
9
308
L-minikkalpler
19 Aprel 2020
Wooowww
Berdi s ý
18 Aprel 2020
Dogry☺. Şu gün okan wagtym has hoşuma gitdi. Edik özüme ýazylan ýaly boldum.

Edil
gulshatayewa97
18 Aprel 2020
????
Kartanesi
18 Aprel 2020
Menem paylashypdym şu goşgyny?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.