Berdi s ý
20.04.2020 23:50
Şeýle hekaýat edýärler:
Bir patyşa agyr ýagdaýa düşýär. Ol: «Eger Alla meniň şu işimi islegime görä çözse, hazynamdaky ähli pulumy garyp-misginlere paýlaryn» diýip äht edýär. Haktagala onuň işini derrew islegine görä çözýär. Patyşa öz ähdine wepaly bolmak isleýär. Ol hazynaçyny çagyryp, hazynadaky pullary sanamagy buýurýar. Hazynanyň pullarynyň hasaby çykarylýar. Emirlerdir döwlet sütünleri:
– Eý, patyşamyz! Munça puly derwüşlere bermek bolmaz. Sebäbi leşger ýarag- esbapsyz we mümkinçiliksiz galar – diýýärler. Patyşa:
– Men bu pullaryň ählisini berilmeli adamlara berjekdigim barada äht etdim – diýýär.
Döwlet sütünleri:
– Alymlaryň aýtmaklaryna görä, patyşanyň adamlary hem «we olary ýygnaýanlar» diýen höküme görä, oňa mynasyp adamlardyr – diýýärler.
Patyşa çykgynsyz hala düşýär. Ol öz otagynda otyrka bir derwüşiň geçip barýa- nyny görüp, bu barada onuň bilen maslahatlaşmak üçin çagyrmaklaryny buýurýar. Derwüşi çagyrýarlar. Patyşa oňa:
– Eý, derwüş! Men: «Eger meniň şu işim şowuna bolsa, ähli baýlygymy Allanyň ýolunda paýlajak» diýip, Onuň öňünde äht etdim. Meniň ol işim şowuna boldy. Pul, baýlyk köp. Emirler olary bermeklik bilen razylaşmaýarlar. Alymlar bolsa leşgerdäkileriň hem baýlygy almaga haklydyklaryny öňe sürýärler. Sen näme diýersiň – diýýär. Derwüş oňa: – Eý, patyşa! Sen baýlygyňy derwüşlere berjekdigiň barada äht eden wagtyň leşgerdäkileri hem göz öňüne tutduňmy? – diýýär. Patyşa:
– Ýok, diňe garyplary we mätäçleri göz öňüne tutdum – diýýär. Derwüş:
– Onda şol göz öňüne tutan adamlaryňa ber – diýýär. Emirleriň biri: – Eý, derwüş! Baýlyk sansyz, leşger bolsa üpjün däl – diýýär. Derwüş ol emirden ýüzüni sowup:
– Eý, patyşa! Sen şol ähtleşen adamyňa ýene-de işiň düşse, onda ähdiňe wepaly bol, eger-de oňa işiň düşmejek bolsa we oňa mätäç bolmasaň, onda islän zadyňy et – diýýär.
Patyşa aglap, ähli baýlyklary garyp-misginlere paýlamaklygy buýurýar.

Mätäç boljak bolsaň oňa ir-u-giç,
Ýüz öwürme onda wepadarlykdan.

Permany ýörgünleň mertebeleri,
Іz ähdine wepa berip durmakdan.

Wepadarlyk – şahynşalyk ýörelge,
Akyldarlyk – ähte wepa bermekden.

Ýazary: HÜSEÝIN KÄŞIFI.

Eser: MUHSYNYNYŇ AHLAGY.
7
275
Berdi s ý
21 Aprel 2020
Minnetdar ☺ Smile
Smile
20 Aprel 2020
Gowy hekaya eken haladym like
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.