Berdi s ý
27.06.2020 23:36
Aglaýaryn. Ýöne nämäň agladýanyn bilmeýärsiň.
Başym kesip, terk edersiň, şuny magat aňlaýaryn.
Menden aýrylarsyň öýdüp,
Gorka-gorka aglaýaryn».
*** *** *** *** *** *** ***
Senden nädip gizläýin men, gözlerim gan aglaýar,
Iki gözüm gözýaş döküp, jiger-bagrym daglaýar.
Seniň bilen duşuşykdan her çen bagtly bolsam-da,
Aýralygyň gorkusyndan kalpda ýüzläp ýara bar.
*** *** *** *** *** *** ***
Tapawudyn bilemok – gijäm ýok, gündizim ýok,
Gysgalyk – uzynlygy gijäniň, bildirenok.
Gije-gündiz çekýärin, gam bolsun, gussa bolsun,
Gijäm islese uzyn, islese gysga bolsun».
8
596
Berdi s ý
24.06.2020 22:05
Razy men.
Eşitsin gaýgy edenler,
Hemmelerden razy men.
Güle duwlanan tikenler,
Iññelerden razy men.
Köpüsi-de öz hatam,
Diýip ýaşadym mydam.
Gybata etdim çydam,
Ýeññelerden razy men.
Käteler düşüp gaýga,
Düşünjek boldym söýgä.
Gaplanyp çuññur duýga,
Çümmelerden razy men.
Diñläp aýdan sözümi,
Gyzartmazdan ýüzümi,
Gizläp aýbym gözümi,
Ýummalardan razy men.
Algym ýok hiç bir kesde,
Hatam köp her bir işde.
Hassa halymy eşde,
Eñmelerden razy men.
Eşidiñ, eý, Adamlar!
Hemmelerden razy men.
Aganýaz Sammyýew.
5
462
Berdi s ý
22.06.2020 23:03
Gysgajyk goşgy setirler we sere gelen pikirler.
Asman-a üçegimiz, topragam - saçak.
Eý adam perzendi bir öýde ýaşap,
Neneñ bir-birege dogan bolmajak!?
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
kä kişiniň aýtýany dogry däl,
käsiniň aýdyşy dogry däl,
käsiniň-de aýtmagy dogry däl.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Derde deñ bagt paýlanandyr.
Bagtlylar köp aglaýandyr.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Kesel ýaly ýokuşýandyr saglygam,
Ýaman ýaly ýokuşýandyr gowlygam.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Bu durmuş durşuna görşüňe bagly,
Görjegiñ nm edip ýörşüñe bagly.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Hem-ä ýanyp hemem hiç kimi ýakman,
Ýaşap bilýän adam çyragdyr hökman.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Gije gara basmaz görmen kyn düýşi,
Ak bolsa gündizki bar eden işi.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Garnyň açmy - bar çäre
Gözüñ açmy - biçäre!
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Watanymyz bir gämi,
Bizem üstünde dälmi?!
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Özüñi düzetdigiñçe dä töweregem düzelip barýar.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Gizlin duşmanlaryň bolşy ýaly, gizlin dostlaram bolaýmaly.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Hemme zady kem-käs bilýänden belli bir zadyvdüýpli bilýän peýdaly.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Degişmeli, ýöne göwne degişmeli däl.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Çagalar obada ( Ýolötende ), men şäherde( Aşgabatda. M. A.) Altynjy, bazar günleri oba gidýän. " Nädip ýaltanman gatnaýarsyñ " diýýäler. Öz çagalaryñ bn öz öýüñde az salym bile bolmak köp kynçylyga döz geleniñe degýär.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Synagyñ iñ çylşyrymly tarapy,
Iki dogrynyñ iñ dogrysyny bilmekdir.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Ýeteýin men çeşmelere,
Içireýin teşnelere.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Agzyňam, gözüňem ýumup bolýar, gulagy nm ün ýumup bolmaýarka? . . Diňlemek has zerurdyr-da.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Ynsan söýgä mätäç, söýgi ynsana,
Kiçijik zatlary edip bahana,
Geliñ, söýgi ýaýalyñ giñ jahana!
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Diñlenmeýäniñi bileñsoñ, syr bildirmän goýmaga-da bir talant gerek.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Şükür, halkymyzyñ şahyry köpdür.
Ylham perişdesi pis ýere gelmez,
Şübhesiz, bu halkyň ýüregi päkdir.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Aganýaz Sammyýew.
Söýli nesibeli gün şu gün eken.
9
1 032