Gysgajyk goşgy setirler we sere gelen pikirler.
Asman-a üçegimiz, topragam - saçak.
Eý adam perzendi bir öýde ýaşap,
Neneñ bir-birege dogan bolmajak!?
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
kä kişiniň aýtýany dogry däl,
käsiniň aýdyşy dogry däl,
käsiniň-de aýtmagy dogry däl.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Derde deñ bagt paýlanandyr.
Bagtlylar köp aglaýandyr.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Kesel ýaly ýokuşýandyr saglygam,
Ýaman ýaly ýokuşýandyr gowlygam.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Bu durmuş durşuna görşüňe bagly,
Görjegiñ nm edip ýörşüñe bagly.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Hem-ä ýanyp hemem hiç kimi ýakman,
Ýaşap bilýän adam çyragdyr hökman.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Gije gara basmaz görmen kyn düýşi,
Ak bolsa gündizki bar eden işi.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Garnyň açmy - bar çäre
Gözüñ açmy - biçäre!
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Watanymyz bir gämi,
Bizem üstünde dälmi?!
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Özüñi düzetdigiñçe dä töweregem düzelip barýar.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Gizlin duşmanlaryň bolşy ýaly, gizlin dostlaram bolaýmaly.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Hemme zady kem-käs bilýänden belli bir zadyvdüýpli bilýän peýdaly.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Degişmeli, ýöne göwne degişmeli däl.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Çagalar obada ( Ýolötende ), men şäherde( Aşgabatda. M. A.) Altynjy, bazar günleri oba gidýän. " Nädip ýaltanman gatnaýarsyñ " diýýäler. Öz çagalaryñ bn öz öýüñde az salym bile bolmak köp kynçylyga döz geleniñe degýär.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Synagyñ iñ çylşyrymly tarapy,
Iki dogrynyñ iñ dogrysyny bilmekdir.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Ýeteýin men çeşmelere,
Içireýin teşnelere.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Agzyňam, gözüňem ýumup bolýar, gulagy nm ün ýumup bolmaýarka? . . Diňlemek has zerurdyr-da.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Ynsan söýgä mätäç, söýgi ynsana,
Kiçijik zatlary edip bahana,
Geliñ, söýgi ýaýalyñ giñ jahana!
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Diñlenmeýäniñi bileñsoñ, syr bildirmän goýmaga-da bir talant gerek.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Şükür, halkymyzyñ şahyry köpdür.
Ylham perişdesi pis ýere gelmez,
Şübhesiz, bu halkyň ýüregi päkdir.
/*/*/*/*/*/*/*/*/*/
Aganýaz Sammyýew.
Söýli nesibeli gün şu gün eken.