Hekaýa.
Bir gije Müsüriň juma metjidine ot düşüp ýandy. Musulmanlar bu işi hristianlardan görüp olaryň öýlerini otladylar. Müsür soltany hristianlaryň öýüni otlanlaryň birnäçesini tutup, bir ýere jemledi. Olar näçe bolsa şonça-da bije taýýarlamaklygy buýurdy. Bijeleriň birinde ölüm jezasy, birinde goluny çapmak jezasy, käbirinde bolsa gamçylamak jezalary ýazylandy. Kimiň bijesine näme düşse, şol jezany hem almalydy.
Olardan biriniň bijesine ölüm jezasy düşüpdir. Ol adam:
- Men ölümden gorkamok. Ýöne meniň ejem bar, onuň bolsa menden başga hiç kimi ýok – diýipdir.
Bu adamyň ýanyndaky duran adama gamçylamak jezasy düşüpdir. Ol öz bijesini oňa berip, onuň ölüm jezasy ýazylan bijesini bolsa özi alyp, şeýle diýipdir:
- Meniň ejem ýok.
Ol adam ölüm jezasyny alypdyr. Beýlekisi bolsa gamçylamak jezasy bilen ölümden halas bolupdyr.
Mesnewi
Altyn-kümüş berseň - bu mertlige deň,
Has bagtly janyna jomartlyk eden.
Rowa görmän öz dostunyň ölmüni,
Dosty üçin pida etdi ömrüni.