Berdi s ý
21.03.2020 01:38
Şygyr

Adam meşhur bolmaz kümüş - zer bilen,
Kişi meşhurlygy zehin - ser bilen.
Bizde hojaýyndan ozdurdy gullar,
Ozdurdan – ussatlyk, aňlamaz kimler!
Körzehin hojaýyn kän bizde heniz,
Olar iň bir gowşak guldanam ejiz.

( 14 asyr mundan öň )
11
280
Berdi s ý
Berdi s ý
21.03.2020 01:23
Baýramyñyz gutly bolsun hormatly agzalar we Myhmanlar.
Berdi s ý
Berdi s ý
20.03.2020 09:18
Kä birleri hamana özi galan ýaly. . .
Berdi s ý
20.03.2020 09:13
Men pespäl diýp öwünme, pespälligiň çala jan
- Yzy ýaly görünýär, garaňkyda garynjaň.
Tekepbirlik aýbyny ýeňäýmeklik kyn zatdyr,
Ondan-a iňňe bilen dagy ýumran aňsatdyr.

*************

Nädip taparyn diýip men, seni daşsyň öýdüpdirin,
Yzlap seni, ýollar söküp, ýürek syryn aýdypdyryn,
Indi bilýän, uzak ýoluň ýaňy başlanan ýerinde
Bir wagtlar, seni haýp, men galdyryp gaýdypdyryn.
9
252
Berdi s ý
19.03.2020 11:42
Özüň baha ber.

Bir bilimli dana kişi öz syrdaş dostlaryndan birine hat ýazýardy. Onuň gapdalynda oturan bir adam gözüniň gyýtagy bilen onuň ýazanlaryny okaýardy. Bu ýagdaý bilimli adamyň ýüregine düşdi we ol şeýle ýazdy: «Eger meniň gapdalymda kezzap, kemçin bilen bile ýaşaýan biri oturmadyk bolsady we meniň ýazýan hatymy okamaýan bolsady, onda men öz ähli syrlarymy saňa ýazardym». Onda ol adam:
- Eý jenap! Alladan ant içýärin. Men seniň hatyňa seretmedim, men ony okamadym – diýdi. Ol:
- Eý, akmak, onda bu aýdýanlaryňy nireden bilip aýdýarsyň - diýdi.
9
273
Berdi s ý
19.03.2020 11:41
Bir söz diýmänkäň pikirlen. Belki onuňky dogrydyr.

Bir batyl kişi garaňky gijede egni küýzeli, eli çyraly ýol bilen ýöräp barýardy. Onuň öňünden bir ýaňra çykyp:
- Eý, nadan, seniň üçin gije boldy, gündiz boldy parhy näme? Seniň gözüň ýagtylygy ýa tümlügi saýgarmaýar, bu çyranyň saňa näme peýdasy bar? – diýdi. Batyl kişi güldi-de:
- Bu çyra özüm üçin däl-de, saňa meňzeş körýürek we akylsyzlaryň meniň bilen çakyşyp, egnimdäki küýzämi döwmezlikleri üçindir – diýdi.

Nadan halyna nadandan gowy düşünmez hiç kimse,
Eger ylmy Abu Aly Sinadan-da zyýat bolsa,
Gözi görýän gözli adam, ýazgarmawer görmeýäni,
Batyl kişiň öz işinde gözi görýär her zat bolsa.
9
224
Berdi s ý
18.03.2020 23:37
Degişme

Bir gün halyf guşluk naharyny iýip otyrdy. Onuň öňünde gowrulan guzy eti bardy. Bir çarwa arap çölden onuň ýanyna geldi. Ony ýanyna çagyrdy. Ol oturdy we örän işdämenlik bilen iýmäge başlady. Halyf oňa:
- Saňa näme bolýar? Bu guzyny çekeläp, ony şeýle bir işdämenlik bilen iýişiň göýä, onuň atasy seni süsen ýaly-la?! – diýdi. Çarwa arap:
- Şeý diýsene! Ýöne sen meniň ony çekeläp iýişime şeýle haýpygelijilik bilen seredýärsiň welin, hamana onuň enesi saňa süýt beren ýaly – diýip jogap berdi.
7
231
Berdi s ý
18.03.2020 23:36
Öz syryň hiç kime etmegin aýan,
Tapmarsyň sen jahandan syr saklagan.
Köp seýran etsem-de jümle-jahana,
Başartmady maňa syrdaş tapmagam.

Syr aýtma hiç kime başardygyňdan,
Syr ýa şatlyk, ýa-da gynanç getirer.

Gam bolsa gynançdadyr ýüregiň,
Şatlyk bolsa, belki oňa göz deger.

Şonuň üçin syr saklaýan öýüňe,
Gowusy, hiç kimi salmazlyk, meger.

Bir adam bir akyldardan:
– Eger bir syr meniň köňlüme ynjalyk bermese, men ol syry kime aýtsam ony gizlin saklap, hiç kime paş etmez – diýip soraýar. Akyldar:
– Eger sen özüňe gerek syry özüň saklap bilmän, aýan etseň we başga bir kişä aýtsaň, ol özüne gerek däl bolan syryňy saklar öýdýärmiň?! – diýipdir.

Eger başaryp bilmeseň, sen öz ýüküňi göterip,
Dostuň hem göterip bilmese, durma ondan gaty görüp.

Özüň sakla syryň, syryň saklaýanyň ýok,
Іz syrdaşyň özüň bol, syryň saklaýanyň ýok.
Hakyky dost soradym bir akyldar pirden men,
Diýdi: «Geçiber mundan, munda çaklaýanyň ýok».
7
350
Berdi s ý
17.03.2020 07:50

Hemme zat şeýle görnüşi ýaly bolýamyka diýseňiz... ýadyňyzda saklaň kyrk aýagyňam aýagy kyrk däldir.
10
399
Berdi s ý
Berdi s ý
17.03.2020 07:40
Her pursatyň gyzykly ýeri bolýandyr bilseň. Ýöne ýeke galmakdan başga...