Berdi s ý
19.03.2020 11:41
Bir söz diýmänkäň pikirlen. Belki onuňky dogrydyr.

Bir batyl kişi garaňky gijede egni küýzeli, eli çyraly ýol bilen ýöräp barýardy. Onuň öňünden bir ýaňra çykyp:
- Eý, nadan, seniň üçin gije boldy, gündiz boldy parhy näme? Seniň gözüň ýagtylygy ýa tümlügi saýgarmaýar, bu çyranyň saňa näme peýdasy bar? – diýdi. Batyl kişi güldi-de:
- Bu çyra özüm üçin däl-de, saňa meňzeş körýürek we akylsyzlaryň meniň bilen çakyşyp, egnimdäki küýzämi döwmezlikleri üçindir – diýdi.

Nadan halyna nadandan gowy düşünmez hiç kimse,
Eger ylmy Abu Aly Sinadan-da zyýat bolsa,
Gözi görýän gözli adam, ýazgarmawer görmeýäni,
Batyl kişiň öz işinde gözi görýär her zat bolsa.
9
224
Berdi s ý
24 Mart 2020
Hawa ol sende bendilikde wagty taraşlap özüňe zyýan etmez ýaly etmeli.
Aycicek
19 Mart 2020
Dogry?
Gülhan
19 Mart 2020
Örän Gowy maslahat!... Adam agzyndan çykaryan her bir sözüne äge bolmalydyr( bu barada men hekaya paylaşypdym öñki postlarda)... Söz agyzdan çykyança seniñ yesiriñdir, yone ol agzyñdan çykandan soñ sen onuñ yesiri bolarsyñ!!!?
Jerkam.
19 Mart 2020
Dogry????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.