Öz syryň hiç kime etmegin aýan,
Tapmarsyň sen jahandan syr saklagan.
Köp seýran etsem-de jümle-jahana,
Başartmady maňa syrdaş tapmagam.
Syr aýtma hiç kime başardygyňdan,
Syr ýa şatlyk, ýa-da gynanç getirer.
Gam bolsa gynançdadyr ýüregiň,
Şatlyk bolsa, belki oňa göz deger.
Şonuň üçin syr saklaýan öýüňe,
Gowusy, hiç kimi salmazlyk, meger.
Bir adam bir akyldardan:
– Eger bir syr meniň köňlüme ynjalyk bermese, men ol syry kime aýtsam ony gizlin saklap, hiç kime paş etmez – diýip soraýar. Akyldar:
– Eger sen özüňe gerek syry özüň saklap bilmän, aýan etseň we başga bir kişä aýtsaň, ol özüne gerek däl bolan syryňy saklar öýdýärmiň?! – diýipdir.
Eger başaryp bilmeseň, sen öz ýüküňi göterip,
Dostuň hem göterip bilmese, durma ondan gaty görüp.
Özüň sakla syryň, syryň saklaýanyň ýok,
Іz syrdaşyň özüň bol, syryň saklaýanyň ýok.
Hakyky dost soradym bir akyldar pirden men,
Diýdi: «Geçiber mundan, munda çaklaýanyň ýok».