Özüň baha ber.
Bir bilimli dana kişi öz syrdaş dostlaryndan birine hat ýazýardy. Onuň gapdalynda oturan bir adam gözüniň gyýtagy bilen onuň ýazanlaryny okaýardy. Bu ýagdaý bilimli adamyň ýüregine düşdi we ol şeýle ýazdy: «Eger meniň gapdalymda kezzap, kemçin bilen bile ýaşaýan biri oturmadyk bolsady we meniň ýazýan hatymy okamaýan bolsady, onda men öz ähli syrlarymy saňa ýazardym». Onda ol adam:
- Eý jenap! Alladan ant içýärin. Men seniň hatyňa seretmedim, men ony okamadym – diýdi. Ol:
- Eý, akmak, onda bu aýdýanlaryňy nireden bilip aýdýarsyň - diýdi.