Berdi s ý
26.03.2020 22:21
...Men şindem duýgymy açardym weli,
Gorkýan duşmadyklaň gözde ýaşyndan...

I
Sen erkin bol!
Säher-saher saçyň ýaý!
Sen şat bolsaň, gözüňden nur saçylýar.
Aç sen oňat kitaplaryň sahabyn
Bil ýagşylyk, ýamanlygyň hasabyn.
Edepsiz sözüme öýkele sen, ýar,
(Käte size öýkelemek ýaraşýar).

Sen erkin bol!
Pikriň, duýgyň, ezýetiň,
Ýokarda ýyldyzyň, ýerde gözýetim.

Hemmesi diňe bir özüňki bolsun,
Diňe bir, diňe bir özüňki bolsun.
Sen erkin bol,
Soňky günüňe çenli,
Isle ýigren, isle-de söý geçenňi.
Çüňki birdir asman
Milliarddyr asman
Çüňki erkli güni bagtlydyr ynsan.
Sen erkin bol,
Bir gün ýaşama şowsuz!
(Hudaýam bar bolsa, seni ýalkasyn)
Ýöne mydam inçe biliňde bolsun,
Meniň gollarymyň mäkäm halkasy.

II
Bu zatlary oňarýarsyň neneňsi?
Ýogsa pikriň şeýle bolmakda-da däl.
Jaýa girseň, jaýyň içi birgeňsi,
Çyksaň, oňat dünýä, dünýä däl hyýal.
Täsin sesiň, gunça meňzeş sözleriň,
Seniň näzikligiň çäksiz göwrümi,
Sürme çalynmadyk tämiz gözleriň,
Mar saçlaryň nagyş kimin örümi! —
Sen pikir edeňok bular barada,
Bular öz-özünden bolýar-da gidýär.
Ýasama ýüz, ýasama söz arada.

Gezemsoň bilýärin gadryňy, dildar!
Men seniň sarpaňy saklaýan gaty
Oň üçin ýigitler gyýa bakmasyn,
Näziklik ýönekeý bolan pursaty —
Hudaý saklasyn!
Özümden soraýan: «Neçün, nämüçin
Sözlemeli dälmiş ýürek joşundan»
...Men şindem duýgymy açardym weli,
Gorkýan duşmadyklaň gözde ýaşyndan...

III
Sen otyrkaň, gaşym çytsam eger-de,
Sada ýaman sözler diýsem käýarym,
Sen umytdan gaçyp, galmagyn derde,
Men juda söýýärin, juda söýýärin.

Wokzal diňe duşuşyklaň ýeri däl,
Wokzal adamlaryň aýralyk ýeri.
Giderin
Hem uzak aralyklardan,
Aýralykdan seni ýeňip gelerin.
Iňrik ýere çöküp, ýakylsa çyra,
Saçyň sypamaga degmese elim
Seniň özüň düşünmeli ahyry,
Meniň başga yşga düşenmi, gülüm!

Ýürekde aýdym kän.
Elde az olar,
Aýdymym ýok il ýüzüne tutarlyk.
Seni unudýaryn.
Öwürme ýüzüň.
Düşünýärin — şunuň özem ýeterlik,
Ykbalyňa aglama sen gijeler.
Şol yşkym baglapdyr sypabilemok.
Gülüm düşülen ýol agyrdyr agyr,
Indem ondan asyl-asyl dönme ýok.

Dönme ýok şol yşkyň keçjallygyndan
Oň ýürege berýän melamatyndan,
Iňňe bolup bagra batan sözlerin
Dünýä çykyp eşek keramatyndan.
Gabanjaňlyk etme asyl yşkyma,
Senem sakla şol yşkymyň sarpasyn.

Çagamyň saçyny sypalan elleň
Gelip meniň saçlarymy sypasyn.
Häzir bolsa gije çene barypdyr,
Ownuk aladalaň unudyp baryn.
Meniň gaýragoýulmasyz işim bar,
Sen ýatyber, özüm seni oýaryn.

IV
Saňa goşgularmy okap berýärin,
Sen diýýäň nazarňy dikip nazara!
«Ýeri, nämä gerek şu zatlaň bary,
Başga zat kän ahyr ýazyp-bozara».
Söýgi setirinden çemenlik ýygyp,
Ýazýaryn. Men diňe şo bilen diri.
Bagtly bir özüdir öýtmesin ýigit,
Şahyrlaram bagtly bolýar ahyry.


Gurbannazar Ezizow
8
259
Berdi s ý
26.03.2020 13:34
Bolsa-da saçakda ýartyja nany,
Hemmesin bermäge dözdümi jany,
Diýmek ol – baýlygyň ýaryn eçilen
Häkimden-de sahylykda geçiren!


Hatamdan:
- Heý, özüňden sahy adama gabat geldiňmi? -diýip soradylar.
- Hawa – diýip, şeýle gürrüň berdi:
- Bir gün men bir ýetim guluň öýüne bardym. Onuň on sany goýny bardy. Derrew bir goýny soýdy-da, bişirip, öňümde goýdy. Etiň bir bölegi meniň agzyma örän hoş ýakdy. Men ony iýdim-de: «Alladan ant içýärin, şu ýeriniň tagamy juda aýry eken» diýdim.
Ol ýigit daşary çykyp, goýunlaryny birin-birin soýup, maňa aýratyn hoş ýakan tagamly ýerlerini bişirip, öňümde goýdy. Meniň bolsa ol işlerden habarym ýokdy. Daşary çykyp, atyma atlanaýyn diýip durkam, öýüň öňünde örän köp gan gördüm. Men:
- Bu näme? – diýip soradym.
- Ol hemme goýunlaryny öldürdi – diýdiler. Men oňa:
- Näme üçin beýtdiň? – diýip igendim. Ol:
- Subhanalla! Meniň bir zadym size ýarady. Men munda husytlyk eden bolsam, onda bu araplaryň şanyna gelişmezdi – diýdi. Soňra Hatamdan:
- Sen onuň öwezine näme eçildiň? – diýip soranlarynda, ol: - Üç ýüz guba düýe we bäş ýüz goýun – diýip jogap
berdi. Oňa:
- Beýle bolsa onda sen jomart-da – diýdiler. Hatam bolsa:
- Haýhat! Ol özüniň bary-ýogunyň hemmesini eçildi, men bolsam şunça zadymdan diňe ýekeje gysym berdim – diýipdir.

7
168
Berdi s ý
25.03.2020 09:15
Iki akyldaryň arasynda yşk we söýgi hakda söhbet gitdi. Biri diýdi:
- Yşgyň häsiýeti hemişe mähnetli beladyr, aşygyň çekýäni bolsa hemişe hasrat bilen jepadyr. Ikinji akyldar oňa:
- Sem bol – diýdi. - Sen hiç haçan uruşdan soňky parahatçylygy görmänsiň, aýralyk şäherinde wysal keýpini sürmänsiň, sap ýürekli aşyklar deý gözel kişi älemde tapylmaz we eger ol bu pikirden daşda bolsa, onda şondan pis kişi bolmaz.



Ynsan köňlüniň gözelligi, bilseň,
Söýgi gözelliginiň nyşanydyr.
Köňülde gözellik bolmasa, bil sen
– Gözellige meýl etmek bimanydyr.

??? edil şu wagtam söýgi eýle, beýle diýýän söýgide aldananlar we söýgüsi paşmadyklaryň ,, söýgi gaýgy hasrat jebir jepa " diýişi ýaly söýgä duşmadyklara degişli.

8
224
Berdi s ý
25.03.2020 07:41
Hekaýat

Bir gije Müsüriň juma metjidine ot düşüp ýandy. Musulmanlar bu işi hristianlardan görüp olaryň öýlerini otladylar. Müsür soltany hristianlaryň öýüni otlanlaryň birnäçesini tutup, bir ýere jemledi. Olar näçe bolsa şonça-da bije taýýarlamaklygy buýurdy. Bijeleriň birinde ölüm jezasy, birinde goluny çapmak jezasy, käbirinde bolsa gamçylamak jezalary ýazylandy. Kimiň bijesine näme düşse, şol jezany hem almalydy.
Olardan biriniň bijesine ölüm jezasy düşüpdir. Ol adam:
- Men ölümden gorkamok. Ýöne meniň ejem bar, onuň bolsa menden başga hiç kimi ýok – diýipdir.
Bu adamyň ýanyndaky duran adama gamçylamak jezasy düşüpdir. Ol öz bijesini oňa berip, onuň ölüm jezasy ýazylan bijesini bolsa özi alyp, şeýle diýipdir:
- Meniň ejem ýok.
Ol adam ölüm jezasyny alypdyr. Beýlekisi bolsa gamçylamak jezasy bilen ölümden halas bolupdyr.



Altyn-kümüş berseň - bu mertlige deň, Has bagtly janyna jomartlyk eden. Rowa görmän öz dostunyň ölmüni, Dosty üçin pida etdi ömrüni.
6
231
Berdi s ý
24.03.2020 10:48
Islendik bir aýdylan zady (jümläni) diňe şoňa degişli dp kabul etmе.

Anyk aýdylan bir jümle bn birnäçe ýagdaýdan baş alyp çykmagy öwren.
7
189
Berdi s ý
24.03.2020 10:47
Öz ýanyňdan orun berme gepçä sen,
Gepinden bir demde ýüz pitne gopar.
Іzüňe hiç mahal öwrenişmesin,
Ol sen hakda-da erbet söz tapar.

Akyl we hikmet eýeleri bolan alymlar şeýle diýýärler: «Eger bir adam seniň ýanyňa gelip, «Saňa pylany şeýle diýdi, saňa şeýle zyýan etdi» diýse, sen alty sany işi etmelisiň:
Birinji: ony dogruçyl hasap etme, sebäbi Allatagala oňa bozgak diýipdir. Bozgagyň sözi bolsa dogry däldir.
Ikinji, oňa gep gezdirmegi gadagan et. Çünki gep gezdirmek günädir, günäden gaýtarmak bolsa parzdyr.
Üçünji, Allatagalanyň ony duşman görýändigi üçin sen hem ony duşman saý. Sebäbi hadysy-şeripleriň birinde: «Allatagalanyň ýanynda iň erbet duşman gep gezdirip, dostlaryň arasyny bozýanlardyr» diýilýär.
Dördünji, öz musulman doganyň barada erbet pikir-güman etmeli däldir. Çünki, käbir gümanlar adamy günä elter.
Bäşinji, onuň aýdan habaryny yzarlama, sebäbi dinde aýyp gözlemek gadagyndyr.
Altynjy, gep gezdirýäniň aýdyşy ýaly etme. Aslynda gep gezdirýäni öz ýanyňa getirmeli däldir, onuň sözlerini diňlemek hem dürs däldir.
8
182
Berdi s ý
23.03.2020 04:03
Akar suwy duruzjak jogaby berdi...

Zamanında İmam-ı Azam ile herhangi bir konuda tartışmaya girip de galip çıkan görülmemiştir. Hem derya gibi ilmi, hem de herkese nasip olmayan zeka ve mantığı sayesinde hepsinden kendisi galip çıkıyordu.
Abbasi Halifesi Me'mun İmam-ı Azam'ı Kufe'ye kadı yapmak istiyordu. İmamı çağırdı ve bu niyetini açıkladı. İmam-ı Azam yönetimin yanlışlıklarına alet olmamak için bu teklifi kabul etmedi.
- Ben kadılık yapamam, dedi.
Halife de herkes de kabul ederdi ki ondan iyi kadılık yapacak bulunamazdı. Bu nedenle Halife sert çıktı:
- Yalan söylüyorsun, sen kadılık yaparsın!
İmam-ı Azam akan suları durduracak şu cevabı verdi:
- Eğer ben yalan söylüyorsam, yalan söylediğim için kadılık yapamam, çünkü yalancıdan kadı olmaz. Eğer "yapamam" dediğim zaman doğru söylüyorsam, sözümün gereği olarak kadılık yapamam. O halde her iki halde de kadılık yapamam."
7
301
Berdi s ý
23.03.2020 02:51
Türkçe yazylansoň terjimede bulaşdyrmak islemedim.

İmam-ı Azam'ın da bulunduğu bir mecliste birisi şöyle bir soru sordu :
- "Bir adam ki, cenneti istemez, cehennemden korkmaz, ölü eti yer, rükûsuz secdesiz namaz kılar, görmediğine şahitlik eder, fitneyi sever, hakkı istemez, bu adam kafir midir, mümin mi?"
Mecliste bulunanlar ağız birliği etmişçesine ;
- "Bunlar kafirin sıfatlarıdır, böyle bir adam kafirin ta kendisidir." dediler.
İmam-ı Azam susuyordu : "Ya imam sen ne dersin?" dediler.
İmam-ı Azam, "Bunlar müminin sıfatıdır, böyle biri müminin ta kendisidir" dedi.
Itiraz ettiler: "Ya imam nasıl olur, mümin cenneti istemez mi, cehennemden korkmaz mı?.." diye.
İmam tek tek açıkladı :
"Gerçek (bilinçli) mümin cenneti istemez, sahibini (Allah'ı) ister, cehennemden korkmaz, sahibinden korkar, ölü eti dediğiniz balıktır, görmediğine şahitlik eder, çünkü Allah'ı görmez ama kesin inanır, rükusuz secdesiz kıldığı namaz cenaze namazıdır, fitneyi sever, çünkü fitneden maksat mal ve evladdır, (Kur'an'da mal ve evladın müminler için fitne -imtihan- olduğu belirtilmiştir); hakkı istemez, çünkü haktan kasıt ölümdür, mümin de olsa ölümü temenni etmez."
9
385
Berdi s ý
22.03.2020 22:38
Okamak ün köp wagtyňyzy almaz. . .

Japaryň ogly Abdylla hakynda (goý, Alla olaryň ikisindenem razy bolsun!) şeýle gürrüň berýärler.
Ol syýahatlarynyň birinde bir gara gul tarapyndan garawullanyp goralýan hurma bagyna baryp, bir agajyň aşagynda düşledi.
Bagy garawullaýan gula iýmek üçin üç sany külçe getirdiler. Birden onuň ýanynda bir it peýda boldy. Gul bir külçäni onuň öňüne oklady. It ony iýdi. Ol ýene birini oklady. It onam iýdi. Ol üçünji külçänem itiň öňüne oklady. It ol külçänem iýdi.
Abdylla (goý, Alla ondan razy bolsun!) guldan sorady:
- Seniň her günki iýmitiň näme?
- Ýaňky gören zadyň - diýip, gul jogap berdi.
- Sen näme üçin iti öz ornuňa goýduň? – diýip, ýene sorady.
- Ol bu ýerde ýat. Açlygyna uzak menzillerden menden hantama bolup, şu ýere gelýär. Menem ony aç galdyrmak islämok – diýip, gul jogap berdi.
Soňra ýene sorady:
- Bu gün näme iýjek?
- Agzymy beklejek, oraza tutjak – diýip, gul jogap berdi. Abdylla öz-özüne: «Hemmeler meniň çakdanaşa sahylygyma igenýärler. Ýöne bu gul mendenem sahy eken» diýipdir.
Ol guly, hurma bakjasyny we şol ýerdäki ähli zady satyn aldy. Guly azat edip, ähli satyn alan zadyny oňa bagyş etdi.

Kytga

Bir döwüm külçesin özi iýmäni,
Ite dözýän kişiň ýardyr imany.
Hojaýnyň bu gula janyny pida
Edip, guly bolmak gelişýär juda!
8
406
Berdi s ý
Berdi s ý
22.03.2020 22:32
Söýýädi söýdümem sözem beripdik Ykbalym ters geldi, açyldy ara Ola menden menem ondan aýryldym Gözledim tapmadym hiç hili çäre Duýgular bir ýerde bedenler aýra...