Bolsa-da saçakda ýartyja nany,
Hemmesin bermäge dözdümi jany,
Diýmek ol – baýlygyň ýaryn eçilen
Häkimden-de sahylykda geçiren!
Hatamdan:
- Heý, özüňden sahy adama gabat geldiňmi? -diýip soradylar.
- Hawa – diýip, şeýle gürrüň berdi:
- Bir gün men bir ýetim guluň öýüne bardym. Onuň on sany goýny bardy. Derrew bir goýny soýdy-da, bişirip, öňümde goýdy. Etiň bir bölegi meniň agzyma örän hoş ýakdy. Men ony iýdim-de: «Alladan ant içýärin, şu ýeriniň tagamy juda aýry eken» diýdim.
Ol ýigit daşary çykyp, goýunlaryny birin-birin soýup, maňa aýratyn hoş ýakan tagamly ýerlerini bişirip, öňümde goýdy. Meniň bolsa ol işlerden habarym ýokdy. Daşary çykyp, atyma atlanaýyn diýip durkam, öýüň öňünde örän köp gan gördüm. Men:
- Bu näme? – diýip soradym.
- Ol hemme goýunlaryny öldürdi – diýdiler. Men oňa:
- Näme üçin beýtdiň? – diýip igendim. Ol:
- Subhanalla! Meniň bir zadym size ýarady. Men munda husytlyk eden bolsam, onda bu araplaryň şanyna gelişmezdi – diýdi. Soňra Hatamdan:
- Sen onuň öwezine näme eçildiň? – diýip soranlarynda, ol: - Üç ýüz guba düýe we bäş ýüz goýun – diýip jogap
berdi. Oňa:
- Beýle bolsa onda sen jomart-da – diýdiler. Hatam bolsa:
- Haýhat! Ol özüniň bary-ýogunyň hemmesini eçildi, men bolsam şunça zadymdan diňe ýekeje gysym berdim – diýipdir.