Berdi s ý
22.03.2020 22:38
Okamak ün köp wagtyňyzy almaz. . .

Japaryň ogly Abdylla hakynda (goý, Alla olaryň ikisindenem razy bolsun!) şeýle gürrüň berýärler.
Ol syýahatlarynyň birinde bir gara gul tarapyndan garawullanyp goralýan hurma bagyna baryp, bir agajyň aşagynda düşledi.
Bagy garawullaýan gula iýmek üçin üç sany külçe getirdiler. Birden onuň ýanynda bir it peýda boldy. Gul bir külçäni onuň öňüne oklady. It ony iýdi. Ol ýene birini oklady. It onam iýdi. Ol üçünji külçänem itiň öňüne oklady. It ol külçänem iýdi.
Abdylla (goý, Alla ondan razy bolsun!) guldan sorady:
- Seniň her günki iýmitiň näme?
- Ýaňky gören zadyň - diýip, gul jogap berdi.
- Sen näme üçin iti öz ornuňa goýduň? – diýip, ýene sorady.
- Ol bu ýerde ýat. Açlygyna uzak menzillerden menden hantama bolup, şu ýere gelýär. Menem ony aç galdyrmak islämok – diýip, gul jogap berdi.
Soňra ýene sorady:
- Bu gün näme iýjek?
- Agzymy beklejek, oraza tutjak – diýip, gul jogap berdi. Abdylla öz-özüne: «Hemmeler meniň çakdanaşa sahylygyma igenýärler. Ýöne bu gul mendenem sahy eken» diýipdir.
Ol guly, hurma bakjasyny we şol ýerdäki ähli zady satyn aldy. Guly azat edip, ähli satyn alan zadyny oňa bagyş etdi.

Kytga

Bir döwüm külçesin özi iýmäni,
Ite dözýän kişiň ýardyr imany.
Hojaýnyň bu gula janyny pida
Edip, guly bolmak gelişýär juda!
8
406
Berdi s ý
24 Mart 2020
Döwre görä ýaşasaňam soňunda zyýanyňa boljak zatlary etmeseň ýagşy.
Myhman Myhman
23 Mart 2020
Bu dowurde sahylyk ozune zyyan(baby)
Myhman Myhman
23 Mart 2020
Beyle ynsan hany inni nirede galdy? Mahirlilik mylayymlyk yok oz masgalañdan başka. Bar bolany
Jeren..
22 Mart 2020
????
Gülhan
22 Mart 2020
?....(Sahylyk bolmasa, mal-mülküñ hayry yokdur.. Wepalyk bolmasa, dostlugyñ hayry yokdyr).... Hemde Alla sahydyr, we ol sahy bolanlary söyer☝️...)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.