Berdi s ý
24.03.2020 10:47
Öz ýanyňdan orun berme gepçä sen,
Gepinden bir demde ýüz pitne gopar.
Іzüňe hiç mahal öwrenişmesin,
Ol sen hakda-da erbet söz tapar.

Akyl we hikmet eýeleri bolan alymlar şeýle diýýärler: «Eger bir adam seniň ýanyňa gelip, «Saňa pylany şeýle diýdi, saňa şeýle zyýan etdi» diýse, sen alty sany işi etmelisiň:
Birinji: ony dogruçyl hasap etme, sebäbi Allatagala oňa bozgak diýipdir. Bozgagyň sözi bolsa dogry däldir.
Ikinji, oňa gep gezdirmegi gadagan et. Çünki gep gezdirmek günädir, günäden gaýtarmak bolsa parzdyr.
Üçünji, Allatagalanyň ony duşman görýändigi üçin sen hem ony duşman saý. Sebäbi hadysy-şeripleriň birinde: «Allatagalanyň ýanynda iň erbet duşman gep gezdirip, dostlaryň arasyny bozýanlardyr» diýilýär.
Dördünji, öz musulman doganyň barada erbet pikir-güman etmeli däldir. Çünki, käbir gümanlar adamy günä elter.
Bäşinji, onuň aýdan habaryny yzarlama, sebäbi dinde aýyp gözlemek gadagyndyr.
Altynjy, gep gezdirýäniň aýdyşy ýaly etme. Aslynda gep gezdirýäni öz ýanyňa getirmeli däldir, onuň sözlerini diňlemek hem dürs däldir.
8
182
Jeren..
24 Mart 2020
????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.