Barmagyňyzdaky saglyk yzarlaýjy: Akylly ýüzük Circular
Tehnologiýa bilen aragatnaşygy aňsatlaşdyryp bolýan geýip, dakynyp bolýan enjamlar durmuşymyzda akylly bilezik we akylly sagatlar ýaly ýerlerini tapdy. Şereketler geýip bolýan enjamlar üstünde işleýärler. Bu enjamlaryň biri bolan barmagymyzdaky saglyk yzarlaýjy akylly ýüzük Circular, birnäçe aýratynlyklary bilen beýleki ýüzüklerden tapawutlanýar.
Saglyk yzarlaýjy akylly ýüzük Circular
Akylly ýüzük önümçiligi aslynda durmuşymyzda Amazon-yň Echo Loop bilen girse hem ýenede garaşylýan netijäni görmedi diýsek dogry bolar. Amatly bahalysyndan, gymmat bahalysyna çenli akylly ýüzükler ýüze çyksa-da, akylly ýüzük Circular edil akylly sagat ýa-da bilezikler ýaly bolmagy bilen ünsi özüne çekýär.
Kickstarter delallygy bilen hödürlenen we takmynan 302 müň dollarlyk girdeji gazanan taslama örän özüne çekiji. Bu kiçi we ajaýyp ýüzük, sport bilen meşgullanyp-meşgullanmandygyňyzy we uky alyşyňyzy yzarlaýar.
Bildirişleriňizi we jaňlaryňyzy size titreme (wibrasiýa) bilen habar berýän bu akylly ýüzük, Kira atly mobil programmasyna eýe. Öz programmasy bilen örän kadaly işleýän Circular, akylly sagat ulanmak islemeýänler üçin örän peýdaly alternatiw bolup bazarda ýer alýar.
Öndüriliş taslamasyna görä 3 görnüşde gelýän akylly ýüzügiň agyrlygy, adaty ýüzügiň agyrlygyny ýatladýar. Öz agramy 4 gram-a deň.
Aýratynda bu akylly ýüzük öz göwrüminde: 3 okly ivmölçeýji, infragyzyl optiki puls sensory, bluetooth modemi we doly zarýad bilen 2 gün boýunça ulanyp bolýan batareýany saklaýar.
Ýokary derejede özgerdilen Circular, öz programmasy bilen özüniň täsinliklerini subut edýär.
Ýüzügiň saýasynda gün boýunça gan we kislorod derejeleriňiz, kaloriýa ölçegini we başga ölçegleri ýerine ýetirip bolýar. Akylly ýüzük sizi gije uklanyňyzda hem yzarlaýar. Bir akylly sagat ýaly häsiýetli bolan bu akylly ýüzük, ýürek urşunyň tizligini hem dogry ölçeýär.
Hyýaly aň bilen güýçlendirilen akylly ýüzük, Kickstarter tarapyndan heniz hem birnäçe gollamalara garaşýan bolsa hem örän uly derejä eýýäm ýetendigi görünýär. Platformalaryň üsti bilen sargalýan bu önüm, özüne örän üns çekdiriji.
Önüm käbir platformalarda 278 eurodan satylýar.
Alnan çeşme: https://shiftdelete.net/parmaginizdaki-saglik-takipcisi-akilli-yuzuk-circular
Habary barada pikirleriňizi teswirlerde ýazyp, göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz!
Ylma görä näme iýeniňiz däl, haçan iýeniňiz zerur
TRE diýlip hem bilnen “ çäklenen wagtda iýmitlenme” güniň diňe 8 sagadynda iýmitlenme we galan 16 sagatda aç galma manysyna gelýär. Gözlegçiler, çäklenen wagtda iýmitlenmegiň saglyk meselesinde zerurdygyny bellediler. Geçirilen işleriň netijesinde çäklenen wagtda iýmitlenmek bilen rak ýaly käbir howply keselleriň täsiriniň ýokary derejede azaldyp biljekdigi görüldi.
Hünärmenleriň soňky wagtlarda maslahat berýän berhizlerinden biri hem TRE, ýagny çäklenen wagtda iýmitlenme, adamyň güniň diňe 8 sagadynda iýmitlenmesi we galan 16 sagatda hiç bir zat iýmän güni tamamlamasy gerek. TRE üçin nämäni näçe mukdarda iýeniňiziň zerurlygy ýok. Ýagny, kaloriýa hasaplamaga gerek ýok. TRE üçin hünärmenler, haýsy iýmitleri alanyňyza däl, o iýmitleri haýsy sagatlaryň aralyklarynda iýeniňize zerurlyk bildirýärler.
Çäklenen wagtda iýmitlenme meselesinde hünärmen bolan Dr.Satchin Panda, bu meselede örän peýdaly işleri edipdi. TRE üçin bir kitap ýazan doktor, kitabynda saglykly we uzyn bir ýaşaýyş üçin çäklenen wagtda iýmitlenmäniň zerurlygyny belläpdi. Dr.Satchin Panda, bu mesele hakynda beren düşündirişinde bolsa “bir almadan kiçijek dişlän wagtyňyz, bedeniň siňdirme we sorulma wagtyny gutarma wagtyna eltýär. Bu hem bedeniň köp işlemesine we organlaryň çalt garramagyna sebäp bolýar” diýipdi.
Doktor Panda, bu iýmitlenmäniň gysga wagtlyk berhiz däl-de, ýaşaýyş pelsepesi bolmagynyň gerekdigini aýdýar, çünki TRE horlandyrýan berhiz görnüşinden däl. Siz hem çäklenen wagta iýmitlenmäni durmuşyňyza salmak isleýän bolsaňyz, ilki bilen iň az 12 sagat aç galmaly bolýarsyňyz. Mysal üçin: irden 8-den agşam 8-e çenli aç galyp iýmitlenmäňizi agşam 8-den soň amala aşyrmaly.
Doktor Panda, 12 sagatlyk aç galmanyň ilki bilen örän gowy idealdygyny aýdýar, emma bu iýmitlenme görnüşinden has üstün netije almak isleýänleriň günde diňe 8 sagat iýmitlenmeginiň gerekdigini belleýär.
Hugh Jeckman-yň abraýly “Wolverine berhizi” 8 sagatlyk TRE göçürmesidi. Soňky gözlegler, 6 sagatlyk iýmitlenme aralygyna gelmäniň, kişiniň has gowy ýagdaýa gelýändigini subut edýär, emma bu ýagdaýa gelmek biraz wagt alýar we uzak wagt ulanyp bolmaýar. Bu sebäpde TRE ýerine ýetirmäge karar beren bolsaňyz, saglygyňyz üçin ilki 12 sagatlyk çäklenen wagtdan başlap bilersiňiz.
Bu zatlar aslynda doly derejede size galan. Günde haýsy böleginde iýmit iýmek isleýän bolsaňyz, o wagtdan başlap bilersiňiz. Mysal üçin: irden 8-den agşam 8-e çenli iýip soňra iýmit iýmäni kesip bilersiňiz. Doktor panda, bu meselede “Güniň haýsy böleginde iýmitlenme siziň kararyňyz, emma gije bir zat iýip-içmezlige çalyşmalysyňyz” düşündirişini berdi.
Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/ne-yediginiz-degil-ne-zaman-yediginiz-onemli-h86825.html