Begench Malikgulyyew
01.03.2020
Tehnologiýa
10
6 577

Saglyk yzarlaýjy akylly ýüzük Circular

 Barmagyňyzdaky saglyk yzarlaýjy: Akylly ýüzük Circular 

Tehnologiýa bilen aragatnaşygy aňsatlaşdyryp bolýan geýip, dakynyp bolýan enjamlar durmuşymyzda akylly bilezik we akylly sagatlar ýaly ýerlerini tapdy. Şereketler geýip bolýan enjamlar üstünde işleýärler. Bu enjamlaryň biri bolan barmagymyzdaky saglyk yzarlaýjy akylly ýüzük Circular, birnäçe aýratynlyklary bilen beýleki ýüzüklerden tapawutlanýar.

Saglyk yzarlaýjy akylly ýüzük Circular


Akylly ýüzük önümçiligi aslynda durmuşymyzda Amazon-yň Echo Loop bilen girse hem ýenede garaşylýan netijäni görmedi diýsek dogry bolar. Amatly bahalysyndan, gymmat bahalysyna çenli akylly ýüzükler ýüze çyksa-da, akylly ýüzük Circular edil akylly sagat ýa-da bilezikler ýaly bolmagy bilen ünsi özüne çekýär. 

Kickstarter delallygy bilen hödürlenen we takmynan 302 müň dollarlyk girdeji gazanan taslama   örän özüne çekiji. Bu kiçi we ajaýyp ýüzük, sport bilen meşgullanyp-meşgullanmandygyňyzy we uky alyşyňyzy yzarlaýar. 

Bildirişleriňizi we jaňlaryňyzy size titreme (wibrasiýa) bilen habar berýän bu akylly ýüzük, Kira atly mobil programmasyna eýe. Öz programmasy bilen örän kadaly işleýän Circular, akylly sagat ulanmak islemeýänler üçin örän peýdaly alternatiw bolup bazarda ýer alýar. 

Öndüriliş taslamasyna görä 3 görnüşde gelýän akylly ýüzügiň agyrlygy, adaty ýüzügiň agyrlygyny ýatladýar. Öz agramy 4 gram-a deň.

Aýratynda bu akylly ýüzük öz göwrüminde: 3 okly ivmölçeýji, infragyzyl optiki puls sensory, bluetooth modemi we doly zarýad bilen 2 gün boýunça ulanyp bolýan batareýany saklaýar. 

Ýokary derejede özgerdilen  Circular, öz programmasy bilen özüniň täsinliklerini subut edýär. 

Ýüzügiň saýasynda gün boýunça gan we kislorod derejeleriňiz, kaloriýa ölçegini we başga ölçegleri ýerine ýetirip bolýar.  Akylly ýüzük sizi gije uklanyňyzda hem yzarlaýar. Bir akylly sagat ýaly häsiýetli bolan bu akylly ýüzük, ýürek urşunyň tizligini hem dogry ölçeýär. 

Hyýaly aň bilen güýçlendirilen akylly ýüzük, Kickstarter tarapyndan heniz hem birnäçe gollamalara garaşýan bolsa hem örän uly derejä eýýäm ýetendigi görünýär. Platformalaryň üsti bilen sargalýan bu önüm, özüne örän üns çekdiriji.

Önüm käbir platformalarda 278 eurodan satylýar.

Alnan çeşme: https://shiftdelete.net/parmaginizdaki-saglik-takipcisi-akilli-yuzuk-circular

Habary barada pikirleriňizi teswirlerde ýazyp, göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz!

halmyrat_gmail_com
7 Aprel 2022
babamyrat, turl

babamyrat, turkmenistana hacan galyar bu yuzuk dos
Myhman Myhman
7 May 2020
Ýüzük = bella diýmekdir
Myhman Myhman
3 Mart 2020
Tapyp bolyamy bu yuzukden
Myhman Myhman
3 Mart 2020
sag bolun su habar ucin..,
babamyrat
2 Mart 2020
Like soran ýok halan bolsaňyz teswir ýazyň oz pikirlerini paýlasyn diýip ýazylan
Myhman Myhman
1 Mart 2020
?????
ISHAK91
1 Mart 2020
mana so yuzik gaty gerekdida???
Myhman Myhman
1 Mart 2020
105 adsm goripdir yone 1sany layk hany govy habara dostlar ....LIKEEEEEE
Myhman myhman
1 Mart 2020
1-nji like menden admin
Myhman Myhman
1 Mart 2020
malades govy tazelik
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.